Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

29.08.2018 | “Altyn asyr” AFK-nyň Kubogynyň interzolagynyň finalyna çykdy

Aşgabadyň “Altyn asyr” toparynyň futbolçylary iki oýnuň jemi boýunça “Bengaluru” hindi toparyny ynamly ýeňip, AFK-nyň Kubogynyň interzolagynyň finalyna çykdy.


28.08.2018 | Türkmenistanyň DIM-nde “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi

28-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Amul-Hazar 2018” awtorallisine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Çärä Aşgabatda ýerleşýän ilçihanalaryň we halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.


28.08.2018 | Türk­me­nis­tan­da hal­ka­ra pu­dak­la­ýyn ser­gi we mas­la­hat ge­çi­ril­ýär

Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da “Türk­men­gur­lu­şyk — 2018” hal­ka­ra ser­gi we “Türk­me­nis­ta­nyň gur­lu­şyk pu­da­gy­nyň ösü­şi” at­ly mas­la­hat açyl­dy.


28.08.2018 | Azia­da­da ku­raş bo­ýun­ça bäs­le­şik­le­re ba­dal­ga be­ril­di

XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ryn­da ku­raş bo­ýun­ça ýa­ryş­lar­da me­dal­la­ry ga­zan­mak üçin bäs­le­şik­ler baş­lan­dy. Şu gün­ki gün Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry üçin üs­tün­lik­li bol­ma­dy.


28.08.2018 | Türk­me­nis­tan — ÝHHG: köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk

Paý­tag­ty­my­zyň “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­syn­da žur­na­lis­ti­ka ul­ga­myn­da bi­lim ber­me­giň gu­ra­ly­şy­nyň düýp­li esas­la­ry­na ba­gyş­la­nan iki gün­lük okuw mas­la­ha­ty öz işi­ne baş­la­dy.


28.08.2018 | «Türkmengurluşyk — 2018» atly halkara sergä we «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahata gatnaşyjylara

Sizi «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan ýylda «Türkmengurluşyk — 2018» atly halkara serginiň hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


27.08.2018 | Daşoguz welaýatynyň oba mekdepleri interaktiw enjamlar bilen üpjün edilýär

Täze okuw ýylynyň öň ýanynda interaktiw tagtalaryň ellisi we täze döwrebap enjamlaryň tapgyry Daşoguz welaýat bilim müdirliginiň ygtyýaryna gelip gowuşdy. Olar şäherleriň we obalaryň umumy bilim berýän mekdeplerinde ornaşdyrmak üçin etraplara bölünip berildi.


27.08.2018 | Türkmen zyýaratçylary Mekgeden dolanyp geldiler

Şu gün Gurban baýramynyň nurana günlerinde Mekgä we Medinä gidip, haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylarynyň topary Watanymyza sag-aman gaýdyp geldiler.


27.08.2018 | Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen maslahat

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de 24-nji aw­gust­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­niň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp, şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de mas­la­hat ge­çi­ril­di. Du­şu­şy­ga da­şa­ry ýurt­la­ryň Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň, da­şa­ry ýurt­la­ryň we ýer­li köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.


27.08.2018 | Aziadada türkmen agyr atletikaçylary dördünji orny eýeledi

ХVIII Tomusky Aziýa oýunlarynda agyr atletika boýunça ýaryşlar tamamlandy. Däp boýunça, has uly agramdaky türgenler iň soňunda çykyş etdiler. Ýurdumyza 105 kilogramdan ýokary agramlyk derejesinde çykyş edip, dördünji orny eýelän Hojamuhammet Toýçyýew wekilçilik etdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter