Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

25.06.2018 | Medeniýet hepdeligi - 2018

«Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygaryna beslenip geçirilýän Medeniýet hepdeligi aýdyň öwüşginli wakalary bilen watandaşlarymyzyň hem-de ýurdumyzyň myhmanlarynyň uzak wagtlar ýadynda galar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanylan iri möçberli döredijilik çäresi duşuşyklaryň, konsertleriň, sergileriň we maslahatlaryň uly baýramçylygyna öwrüldi. Onuň baş maksady türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny, onuň özboluşly ýörelgelerini we gadymy gymmatlyklaryny wagyz etmekden ybaratdyr.


25.06.2018 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Orazmyrat Orazmämmedowiç Kürenow “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.


24.06.2018 | Halkymyzyň döredijilik däpleriniň baýlygyny artdyrmak bilen

Ahal welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanan Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy ajaýyp Watanymyzda şanly wakalaryň nobatdaky baýramçylygyna öwrüldi.


23.06.2018 | Galla oragynyň depginleri: Lebap welaýaty

Amyderýa jülgesinde bugdaý oragy güýçli depginler bilen dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň, şol sanda Lebap welaýatynyň oba hojalygynyň mehanizasiýa derejesini ýokarlandyrmak baradaky yzygiderli aladalary netijesinde möwsüme başlamagyň öňüsyrasynda gündogar sebitiň däne ýygyjy kombaýnlarynyň üsti täze tehnikalar bilen artdyryldy.


23.06.2018 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.


22.06.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamasynyň hem-de kabul edilen beýleki ykdysady we durmuş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine garaldy. Şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


22.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň energetika ulgamy we kärhana işläp taýýarlamalary boýunça ýolbaşçysy Tasuýa Watanabeni kabul etdi.


22.06.2018 | Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi-2018 badalga aldy

Şu gün Ahal welaýatynda, “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy.


22.06.2018 | Resmi habarlar

Ýurdumyzda milli medeniýeti, aýdym-saz, teatr, kino hem-de şekillendiriş sungatyny, telewideniýäni, radiony we medeni aň-bilim edaralaryny, metbugat we neşirýat ulgamyny ösdürmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, agzybir halkymyza medeni taýdan ýokary hilli we döwrebap hyzmat etmek, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda Medeniýet hepdeliklerini türkmen milli toýy görnüşinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


22.06.2018 | Galla oragynyň depginleri: Daşoguz welaýaty

Daşoguz welaýatynda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça meýilnamanyň irgözinden taýýarlanmagy tutuş orak möwsüminiň anyk işini we kuwwatly tehnikalaryň netijeli peýdalanylmagyny üpjün etdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter