Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

16.03.2018 | Ýurdumyzyň çägine getirilende gümrük paçlary bellenilen gurluşyk we senagat harytlarynyň sanawy tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çägine getirilende gümrük paçlary bellenilen käbir gurluşyk we senagat harytlarynyň sanawy hem-de gümrük paçlarynyň möçberleri tassyklanyldy.


16.03.2018 | TSTB-e Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň we Lebapda kalýi dökünlerini öndürýän toplumyň gurluşygy üçin karz berler

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin döwlet serişdeleriniň hasabyna “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň üsti bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ýyllyk 1 göterim bilen 5 ýyl ýeňillikli döwri bolan 20 ýyl möhlete 2 milliard 400 million amerikan dollaryna çenli möçberde karz bermek tabşyryldy.


16.03.2018 | Kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu döwür üçin degişli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.


16.03.2018 | Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine paýtagtymyzda binalar toplumyny gurmak üçin ýer bölünip berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Ýer hakyndaky” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we “Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolan binalar toplumyny gurmak üçin, Aşgabat şäheriniň Tähran köçesiniň ugrunda 8 gektar ýer bölegini hemişelik peýdalanmaga bermek bellenildi.


15.03.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.


15.03.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary

Şu gün Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda gepleşikler geçirildi.


15.03.2018 | Türkmenistanda möhletinden öň ses bermäge başlanyldy

15-nji martda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, ähli saýlaw okruglarynda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlaryny, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermäge girişildi.


15.03.2018 | Türkmen wekiliýeti sebitleýin iş duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün düzüminde Mejlisiň wekilleri bolan Türkmenistanyň wekiliýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň iş duşuşygyna gatnaşdy.


15.03.2018 | Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak boýunça Saud Arabystany Patyşalygynyň Ösüş gaznasynyň beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirip, ýollan hatyňyzy uly buýsanç bilen kabul etdim.


14.03.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Abu-Dabi şäherine geldi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine geldi. Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiziň uçary Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabi şäheriniň Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde gondy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter