Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

28.04.2018 | Agyr atletikaçylaryň yklym birinjiliginde gazanan medallary

Özbegistanyň Ürgenç şäherinde dowam edýän ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň türgenleri bir kümüş we iki bürünç medala eýe boldular.


28.04.2018 | Türkmen woleýbolçylarynyň altyn medallary

Bangladeşiň paýtagty Dakka şäherinde geçirilen zonal Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary uly üstünlik gazandy. Biziň ýurdumyzyň ýygyndy topary nobatdaky altyn medala mynasyp boldy.


26.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisine gatnaşdy

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisi geçirildi.


26.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmekde öňde duran belent wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar.


26.04.2018 | Resmi habarlar

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we atşynaslyk sungatyny ösdürmek, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri atçylyk pudagyna giňden ornaşdyrmak hem-de atşynaslaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek maksady bilen, şeýle hem assosiasiýanyň müdiriýetiniň teswirnamasyna laýyklykda, assosiasiýanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi.


26.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisinde eden çykyşy

Hormatly Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary! Hanymlar we jenaplar! Gadyrly myhmanlar! Şu gün gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky VIII mejlisini geçirýäris. Güneşli türkmen topragyna — şöhraty äleme dolan behişdi ahalteke bedewleriniň Watanyna hoş geldiňiz!


26.04.2018 | Hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň hukuk gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy

Paýtagtymyzda Daşary işler ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy tarapyndan guralan Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň mejlisi tamamlandy.


26.04.2018 | Türkmen bedewiniň baýramynyň hormatyna halkara sergi-ýarmarka guraldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli halkara sergi-ýarmarka açyldy.


26.04.2018 | Dünýäniň ahalteke atşynaslygynyň ylmy binýadynyň ösüşi

Paýtagtymyzda öz gözelligi, ajaýyplygy hem-de asyllylygy boýunça taý gelmejek behişdi atlaryň hormatyna ajaýyp baýramçylyga gabatlanylan iri möçberli çäreleriň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda geçirilýän “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly däp bolan X halkara ylmy maslahat açyldy.


26.04.2018 | Türkmenistanda Wýetnamyň ilçisi işe başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ngo Dyk Mandan ynanç hatyny kabul etdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter