Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

21.04.2018 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda baglaşylan geleşikleriň jemi 134-e deň boldy.


21.04.2018 | Türkmenistan - Özbegistan Respublikasy: hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek ýoly bilen

Umumy ykrar edilen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda hemmetaraplaýyn ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Bitarap Türkmenistan häzirki zaman halkara gatnaşyklar ulgamyna işjeň gatnaşyp, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşiň we sebit howpsuzlygyny üpjün etmegiň uzak möhletli maksatlaryny durmuşa geçirmek işine saldamly goşant goşýar. Milli ösüşiň we daşary syýasy strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmegiň giň gerimi durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn wezipeleri amala aşyrmak bilen sazlaşýar. Şunda Türkmenistanyň oňyn pikirleri we başlangyçlary bütin dünýä proseslerine oýlanyşykly çemeleşmeleri gözlemäge hem-de işläp taýýarlamaga gönükdirilendir, olar özara düşünişmek hem-de ynanyşmak, ähli döwletleriň we halklaryň deňhukuklylygyny üpjün etmek we bähbitlerini berjaý etmek ýagdaýyny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Türkmenistanyň başyny başlan, sebitiň ýurtlarynyň we giň halkara bileleşigiň parahatçylygy pugtalandyrmak hem-de ýurtlaryň we halklaryň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmek boýunça tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlary hut şu ugurda amala aşyrylýar.


20.04.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasaty degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Döwlet Baştutanymyz şu günki mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleriň möhümdigi barada aýdyp, Türkmen bedewiniň baýramyny geçirmek, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuny açmak bilen bagly geçiriljek çärelere ünsi çekdi.


20.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Migel Dias-Kanele Kuba Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýollady.


19.04.2018 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji kararyna laýyklykda,


19.04.2018 | Saz sungatynyň çeşmelerine bagyşlanan halkara forumy tamamlandy

Paýtagtymyzda “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahat we festiwal tamamlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan wekilçilikli foruma dünýäniň 13 ýurdundan alymlar we sungat ussatlary gatnaşdylar.


18.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wekilçilikli topara ýolbaşçylyk edip türkmen paýtagtyna gelen Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Georgiý Poltawçenkony kabul etdi.


18.04.2018 | Türkmenistanda aýdym-saz medeniýetine bagyşlanan halkara forum geçirilýär

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahatyň we festiwalyň açylyş dabarasy boldy.


18.04.2018 | «Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri» atly halkara ylmy maslahata we festiwala gatnaşyjylara

Sizi «Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri» atly halkara ylmy maslahatyň we festiwalyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Aýdym-saz sungatyny öwrenmäge hem-de dünýä ýaýmaga bagyşlanan bu halkara ylmy maslahatyň hem-de festiwalyň örän ähmiýetli we netijeli boljakdygyna berk ynanýaryn. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda halkara derejede şeýle medeni çäräniň geçirilmegi aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmelerini çuňňur öwrenmekde, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.


18.04.2018 | Gymmatly milli miras babatda döwlet tagallalary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly täze kitabynyň ägirt uly meşhurlygy milli Liderimiziň öz eseriniň giriş böleginde ýazan: «Garaşsyzlyk ýyllarynda jemgyýetiň geçmişde ata-babalarymyzyň dünýä ösüşleriniň taryhyna saldamly goşant goşan döwürlerine gyzyklanmasy aýdyň ýüze çykdy» diýen sözleriniň subutnamasy bolup durýar. Kitapda milli taryhymyzdan getirilen köp sanly mysallar, gadymy rowaýatlardan we tymsallardan parçalar, ýurdumyzyň häzirki durmuşyndan wakalar arkaly döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygy görkezilýär, onda halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy we ýagty geljegi barada pikir ýöredilýär.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter