Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

26.03.2018 | Halkara synçylary saýlawlaryň jemleri boýunça metbugat maslahatyny geçirdiler

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň wekilçilikli synçylar toparlaryndan düzülen halkara synçylaryň metbugat maslahaty boldy. Onda Mejlisiň deputatlaryna saýlawlara taýýarlyk işlerine we onuň geçirilişine guralan gözegçiligiň netijeleri beýan edildi.


26.03.2018 | Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynda maslahat geçirildi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda maslahat boldy. Onda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň deslapky jemi jemlendi.


26.03.2018 | Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary boýunça wagyz-nesihat demir ýol ulagy ýola düşdi

Paýtagtymyzyň demir ýol menzilinden “Arkadagyň gurduran polat ýollary — beýik döwrümiziň ýüpek ýollary” atly wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylaryň münen demir ýol ulagy ýola düşdi. Ugradýanlaryň saparyň şowly geçmegi baradaky oňat arzuwlaryna beslenen demir ýol ulagy Aşgabat — Bereket — Etrek ugry boýunça günbatara gitdi.


26.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewe Kemerowo şäherindäki söwda-dynç alyş merkezinde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýangyn zerarly gynanç hatyny iberdi.


25.03.2018 | Ildeşlerimiz halkara ýaryşlarda on ýedi medala eýe boldular

Moskwa şäherinde başa-baş tutluşygyň şu görnüşini esaslandyran A.Harlampiýewiň ýadyäдrligine bagyşlanylyp geçirilen sport we söweş sambosy boýunça Dünýä kubogynda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary jemi on medala mynasyp boldy, olaryň üçüsi ýaryşyň birinji gününde gazanyldy.


25.03.2018 | Türkmenistanda Mejlisiň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna saýlawlar boldy

Şu gün Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalygyna saýlawlar geçirildi. Ol türkmenistanlylaryň ýurdumyzda mähriban Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine ýaýbaňlandyrylan demokratik ýörelgelerine işjeň gatnaşmaga bolan gyzyklanmalaryny äşgär etdi.


25.03.2018 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etdirmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini has-da artdyrmak hem-de şalynyň ýokary hasylyny öndürmegi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimlikleri Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň hem-de Lebap welaýatynyň Darganata, Dänew, Çärjew, Farap, Saýat, Halaç, Hojambaz, Kerki, Döwletli we Köýtendag etraplarynyň daýhan birleşiklerinde önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmäge borçly edildi.


25.03.2018 | Biziň raýatlarymyz daşary ýurtlarda ses bermäge gatnaşdylar

Daşary işler ministrliginde TDH-a habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýanynda döredilen 39 saýlaw uçastogynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary saýlawçylaryň ses bermäge ýokary işjeňlik ýagdaýynda geçdi.


25.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: türkmen jemgyýeti demokratik ýörelgelere ygrarlydyr

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň deputatlarynyň we halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşdy. Döwlet Baştutany irden Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji orta mekdepde ýerleşýän saýlaw uçastogyna geldi. Türkmenistanyň Prezidenti ses bermek üçin býulleten alyp, bu ýere ýygnananlara ýüzlendi.


25.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawlara gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň VI çagyrylyşynyň deputatlarynyň we halk maslahatlarynyň agzalarynyň şu gün geçirilen saýlawlaryna gatnaşdy. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döredilen saýlaw uçastoklaryna adamlar ir bilen özleriniň konstitusion hukugyny peýdalanmak — milli parlamentiň, ýerli halk häkimiýeti edaralarynyň düzümlerine hödürlenen has mynasyp dalaşgärlere ses bermek üçin ýygnandylar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter