Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

14.05.2018 | Türkmenistanda Slowakiýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýan Boriden ynanç hatyny kabul etdi.


13.05.2018 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, konsernde alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Nyýazlyýew Nyýazly Myradowiçe käýinç yglan edildi.


13.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministrini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Mahathir Mohamadi Malaýziýanyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.


12.05.2018 | Hormatly Prezidentimiz “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň saýlama tapgyryna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine diňe bir ak pata bermän, eýsem, özi hem onuň saýlama tapgyrlaryna gatnaşdy, onuň barşynda şol halkara ýaryşa Türkmenistandan gatnaşjak ýygyndy toparlar kesgitlenildi.


12.05.2018 | Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, polipropileni, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. BAE-li we türkiýeli işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzine, şeýle hem tehniki kükürde (“Türkmengaz” DK) isleg bildirdiler.


12.05.2018 | Türkmen samboçylarynyň Aziýanyň çempionatyndaky üstünlikli çykyşy

Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde geçirilýän sambo boýunça Aziýa çempionatynda milli ýygyndy toparymyz 11 medal, şol sanda bäş altyn, 2 kümüş we 4 bürünç medal gazandy. Çempionata ýurdumyzdan 13 türgen gatnaşýar.


11.05.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Prezident maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine we döwletimiziň halkyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri syýasatynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.


11.05.2018 | Maliýe netijeliligi, kuwwatly ykdysadyýet — abadan ýurt

«Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnaly ýurdumyzyň habarlar giňişliginde 2018-nji ýylda peýda boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda döredilen neşir iki aýdan bir gezek türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilýär.


11.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Sizi we Türkmenistanyň ähli doganlyk halkyny faşizmiň üstünden gazanylan Beýik Ýeňşiň 73 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


11.05.2018 | Resmi habar

Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter