Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

03.05.2018 | “Altyn Asyr” topary AFK-nyň Kubogy ugrundaky bäsleşigi dowam etmäge mümkinçiligi saklaýar

“Altyn Asyr” we “Ahal” toparlary Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kubogynyň toparlaýyn tapgyrynda bäsdeşleri bilen öz ýerlerinde duşuşdylar.


02.05.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazaryň türkmen kenarynda täze Halkara deňiz porty dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.


02.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti ählumumy ulag meseleleri boýunça halkara foruma gatnaşdy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky kongresler merkezinde “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara forum geçirildi. Onuň açylyşyna hem-de dabaraly mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.


02.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara maslahatdaky çykyşy

Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Hormatly wekiliýetleriň ýolbaşçylary! Hanymlar we jenaplar! Biziň gadyrly myhmanlarymyza: «Türkmen topragyna hoş geldiňiz!” diýip, “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara maslahatyň işine gatnaşmak baradaky çakylygymyzy kabul edendikleri, şeýle hem biziň bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylyş toýunyň şatlygyny paýlaşýandyklary üçin, olara çuňňur minnetdarlyk bildirýärin.


02.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.


02.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň ýollar we şäher ösüşi ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýollar we şäher ösüşi ministri Iran Abbas Ahmad Ahundini kabul etdi.


02.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkini kabul etdi.


02.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary, “Uzbekiston temir ýullary” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Açilbaý Ramatowy kabul etdi. Ol Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi mynasybetli çärelere gatnaşdy.


02.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň ulag, deňiz gatnawlary we aragatnaşyk ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň ulag, deňiz gatnawlary we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslany kabul etdi.


02.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Ekspeditor assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ekspeditor assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň (EAHF) ýolbaşçysy Babara Badaty kabul etdi, ol “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter