Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

29.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň terrorçylyga garşy göreşmek baradaky müdirliginiň başlygy W.Woronkow bilen duşuşdy. Myhman ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanylan halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.


29.04.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli baýram mynasybetli gutlaglary kabul etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygyndan, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan, şeýle hem welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlerinden gutlaglary kabul etdi.


29.04.2018 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna

Eziz watandaşlar! Hormatly atşynaslar! Sizi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda behişdi bedewlerimiziň şanyna giňden we uly dabara bilen bellenýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!


28.04.2018 | Hormatly Prezidentimiz milli baýramçylyk mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Şol dabaralaryň çäklerinde halypa çapyksuwarlaryň at çapyşyklary, ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik ugruna degişli hünärleriň wekilleriniň arasynda geçirilen ýaryşlaryň ýeňijilerini we baýrak eýelerini sylaglamak dabarasy boldy.


28.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi.


28.04.2018 | Resmi habar

Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.


28.04.2018 | Monetary awards and valuable presents are awarded to the veterans of the Great Patriotic War and the widows

On the occasion of the 73d anniversary of the victory in the 1941-1945 Great Patriotic War, the President of Turkmenistan signed the Decree, authorizing the Khyakimliks of regions, cities and etraps, and the apparatus of the Elders’ Council of Turkmenistan to present monetary awards amounted to 200 manats and valuable gifts to the veterans of war and the widows of the war deads.


28.04.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamasynyň, ýurdumyzy durmuş we ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle-de, mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


28.04.2018 | Resmi habar

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 73 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasy 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 73 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmaga borçly edildi.


28.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen bedewiniň milli baýramyny bellemek hakynda

Türkmen bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmak üçin giň mümkinçilikleri döretmek, ýurdumyzda atçylygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň kökleri asyrlara uzalyp gidýän atçylygyň watany bolup durýandygyny, ýurdumyzda atlara belent sarpa goýmagyň gadymy döwürlerden bäri asylly däbe öwrülendigini nazara alyp, karar edýärin:



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter