Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

06.03.2018 | Azat Jepbarow “Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktory wezipesine bellenildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, “Nesil” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary bolup işlän Azat Gadamowiç Jepbarow “Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktory wezipesine bellenildi.


06.03.2018 | Berlinde saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

5 - 6-njy martda Berlinde (GFR) saglygy goraýyş boýunça nobatdaky, VII türkmen-german forumy geçirildi. Onda lukmançylyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we geljek üçin täze ugurlara garaldy.


06.03.2018 | 2017-nji ýylyň ýylýazgysy: ulag we aragatnaşyk

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümi, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamyny çalt kemala getirmek bilen baglanyşyklylykda Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça görülýän anyk we netijeli çäreler diňe bir milli ykdysadyýetimize däl, eýsem, ösüşiň sebit ýörelgelerine hem güýçli itergi berdi. Örän amatly çäk ýagdaýyny eýeleýän, sebitde we yklymda möhüm üstaşyr-ulag merkezi hökmünde ornuny ynamly pugtalandyrýan Türkmenistan bu ulgamda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine peýdalanmaga çalyşýar.


05.03.2018 | Wideoşekilli iş maslahatynda sebitleri ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de baýramçylyklara taýýarlyk meselelerine seredildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarynyň, welaýatlaryň hem-de paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda döwlet durmuşynyň, sebitleri ösdürmegiň dürli meselelerine, oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy.


05.03.2018 | «Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady» atly kitabyň tanyşdyrylyşy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maslahatlar zalynda “Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly kitabyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Dabara hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, syýasatçylar, döredijilik intelligensiýasynyň, sport ulgamynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


05.03.2018 | Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýanyň döwlet düzümleriniň hem-de işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirilýär

Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň şygary astynda hereket edýän Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki topar öz işine başlady.


05.03.2018 | GDA-nyň synçylary saýlaw möwsümine gözegçilik etmäge girişdiler

Türkmenistanyň çagyrmagy boýunça Mejlisiň deputatlygyna saýlawlara gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary hem-de onuň edarasy saýlaw möwsümine gözegçilik etmäge girişdiler.


05.03.2018 | “Awazada” “Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi-durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Ol Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara umman instituty (HUI) bilen bilelikde guraldy. Maslahata Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň hünärmenleri, şeýle hem halkara bilermenler-HUI-niň deňiz ykdysadyýeti, syýasaty, dolandyryş, ekologiýasy, deňiz hukugy we beýleki ugurlardan ylmy maslahatçylary gatnaşýarlar.


05.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjanly kärdeşine Baku şäherinde bolup geçen ýangyn zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýewe Baku şäheriniň Hatain etrabyndaky Respublikan narkologik merkezinde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýangyn zerarly gynanç hatyny iberdi.


05.03.2018 | Mejlisiň başlygy Astanada geçiriljek ýokary derejeli duşuşykda türkmen wekilýetine ýolbaşçylyk eder

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi, resminama laýyklykda 15-16-njy mart aralygynda Mejlisiň başlygy A. Nurberdiýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekilýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin Astana şäherine (Gazagystan Respublikasy) gulluk iş saparyny amala aşyrar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter