Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

25.01.2018 | Sapardurdy Toýlyýew wise-premýer hem-de Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy wezipelerinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Sapardurdy Toýlyýew başga işe geçýändigi sebäpli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.


25.01.2018 | Sapardurdy Toýlyýew Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidentligine sýlanyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Sapardurdy Toýlyýewi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesine saýlamak hakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň 2018-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda çykaran çözgüdi tassyklanyldy.


25.01.2018 | Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň umu­my ýyg­na­gy­na gat­naş­dy

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň aka­de­mi­gi, luk­man­çy­lyk we yk­dy­sa­dy ylym­la­ryň dok­to­ry, pro­fes­sor Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň yl­my­nyň we­kil­le­ri­niň umu­my ýyg­na­gy­na gat­naş­dy.


24.01.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze guruljak desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze guruljak dürli maksatly desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Olary paýtagtymyzy toplumlaýyn gurmagyň, şäher düzümini ösdürmegiň çäklerinde gurmak meýilleşdirilýär.


24.01.2018 | Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri dabaraly ýagdaýda açyldy

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Türkmen-belarus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp geçirilýän iri möçberli medeni çäre iki döwletiň ugurdaş ministrlikleriniň arasynda 2017 — 2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna laýyklykda guralýar.


24.01.2018 | Türkmen-belarus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Prezident Aleksandr Lukaşenko gutlady

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky çärýek asyrlyk gatnaşyklar dostluk we ygtybarly hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýär. Şu döwrüň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde oňyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplanyldy, söwda-ykdysady, ynsanperwer we medeni ulgamlarda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy – diýip, hatda aýdylýar.


24.01.2018 | Diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli milli Liderimizi täjik kärdeşi gutlady

Geçen ýyllarda iki ýurduň dostluk we köptaraply hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hyzmatdaşlygyň dürli görnüşlerinde depginli ösdürilendigini bellemäge şatdyryn – diýlip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň gutlagynda bellenýär.


24.01.2018 | Döwlet Baştutanymyz “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygyna käýinç yglan etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, bellenen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Nyýazlyýew Nyýazly Myradowiçe käýinç yglan edildi.


23.01.2018 | Parlamente, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna dalaşgärleri hödürlemek çäreleri başlanýar

Aşgabatda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Ol Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere bagyşlandy. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň işgärleri, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


23.01.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine täze bellenen Jin Ki Huny kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter