Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

28.12.2017 | Söwda pudagynyň ösüşi — bazar ykdysadyýetiniň ösüşiniň baş şerti

Söwdany we telekeçiligi ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlary bolup durýar. Bu pudaklarda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň netijelerini aýan edýär we bazar gatnaşyklaryny seljermäge, ilatyň durmuş derejesiniň we onuň abadançylygynyň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär.


28.12.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Katar Döwletiniň Emiriniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


27.12.2017 | Ýur­du­my­zyň alym­la­ry­nyň gaz pu­da­gy­nyň ösü­şi­ne go­şan­dy

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýur­du­my­zyň gaz pu­da­gy­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak bo­ýun­ça öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­ni üs­tün­lik­li çöz­mek mak­sa­dy bi­len “Türk­men­gaz” döw­let kon­ser­ni­niň Te­bi­gy gaz yl­my-bar­lag ins­ti­tu­ty­nyň alym­la­ry we hü­när­men­le­ri ony ös­dür­me­giň gel­je­gi uly bo­lan ugur­la­ry­ny yl­my taý­dan esas­lan­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­ri ge­çir­di­ler.


27.12.2017 | Türk­me­nis­tan­da oba sag­ly­gy go­raý­şy — hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ň de­re­je­sin­de

Şu gün Ka­ka et­ra­by­nyň Du­şak şä­her­çe­sin­de «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­larda­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin re­je­le­nen görnüşdäki Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň» dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň çäk­le­rin­de bi­na edi­len ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len luk­man­çy­lyk top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy.


26.12.2017 | Aşgabatda döwlet gurluşyny, hukuk ulgamyny ösdürmek meselelerine bagylanan maslahat geçirildi

Adalat köşgünde “Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahat Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli guraldy.


26.12.2017 | Saýlawlara taýýarlanmagyň barşynda saýlaw toparlary döredilip başlandy

Şu günler ýurdumyzda 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmeklige guramaçylykly taýýarlyk görmek işleriniň çäklerinde, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, okrug we Geňeşlik saýlaw toparlaryny döretmek işleri işjeň ýagdaýda dowam edýär.


26.12.2017 | Hormatly Prezidentimiz Döwlet we hukuk institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli geçirilýän ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly ylmy-amaly maslahatyň açylmagy hem-de ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


25.12.2017 | Türkmenistan - täze sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzümini emele getirmegiň möhüm halkasydyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ýaýbaňlandyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli, täzeçil syýasaty dünýä giňişliginde türkmen döwletiniň abraýynyň artmagyny şertlendirdi. Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklaryň sazlaşykly häsiýeti hem-de Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýan BMG-niň uly ynam bildirmegi munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.


25.12.2017 | Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin türkmen-rus hyzmatdaşlygyny berkitmek babatda pikirlerini aýtdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


25.12.2017 | “Döwletliler köşgünde” terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy

Ýola goýlan asylly däbe görä, ýetip gelýän Täze ýylyň öňýanynda “Döwletliler köşgünde” baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabarada onda terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter