Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

12.08.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň duşuşygy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin gelen wekiliýetiň ýolbaşçysy, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň arasynda duşuşyk boldy.


12.08.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow bilen duşuşygy boldy.


12.08.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Birinji Wise-prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Birinji Wise-prezidenti Eshak Jahangiri bilen duşuşdy.


12.08.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň duşuşygy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin bilen duşuşygy boldy. Ol birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin uly wekiliýete baştutanlyk edip, ýurdumyza geldi.


12.08.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň duşuşygy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin gelen wekiliýetiň ýolbaşçysy, Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Nowruz Mamedowyň arasynda duşuşyk boldy.


11.08.2019 | Türkmenistanda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäreleri badalga aldy

Şu gün daşary ýurtly myhmanlary häzirki günlerde güler ýüzli garşylaýan deňiz kenarynda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň we «Türkmen sährasy — 2019» atly halkara awtoserginiň açylyşy boldy.


11.08.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow bilen duşuşdy.


11.08.2019 | Türkmenistan — Bolgariýa: özara bähbitli işewür hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär

Şu gün birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-bolgar hökümetara toparynyň dördünji mejlisi geçirildi.


11.08.2019 | Telekeçilik meseleleri boýunça Türkmen-astrahan işewürlik geňeşiniň mejlisi

Telekeçilik meseleleri boýunça Türkmen-astrahan geňeşiniň şu gün geçirilen birinji mejlisinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri we geljegi barada gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy. Şu duşuşyk birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän çäreleriň biridir.


11.08.2019 | Ulag — Hazarda hyzmatdaşlygyň möhüm ulgamy

Şu gün birinji Hazar ykdysady forumynyň çäreleriniň çäklerinde Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň arasynda ulag ulgamynda Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň ulag düzümleriniň ýolbaşçy wekilleriniň duşuşygy geçirildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter