Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

11.06.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar

Şu gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) administratorynyň orunbasary we BMGÖM-niň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin edarasynyň direktory hanym Mirýana Spolýariç Egger bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.


11.06.2020 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň birnäçesiniň taslamalary we ýerleşjek ýeri bilen tanyşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň hojalyk düzümini kämilleşdirmek, degişli athanany gurmak, gök-bakja ekinlerini, miweçiligi ösdürmek, şeýle hem bu düzümlere degişli dynç alyş-sagaldyş merkezini bina etmek üçin niýetlenen ýerler we degişli taslamalar bilen tanyşdy.


10.06.2020 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş sapary

Şu gün Mary welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerlerde durmuşa geçirilişi, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.


10.06.2020 | Tejen derýasynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi ulanylmaga berildi

Ýakynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň serhedinde ýerleşýän «Sarahs — Sarahs» gözegçilik-geçiriş nokadynda Tejen derýasynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsini ulanmaga bermek dabarasy boldy.


09.06.2020 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary

Şu gün Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.


09.06.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň (ÝHHG PA) Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentleriniň wekilleri bilen geçiren wideoduşuşygyna gatnaşdylar.


08.06.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Lebap welaýatyna ugrady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Lebap welaýatyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýunda geçirilen mejlisinde şu aýda ýurdumyzyň welaýatlarynda sapar bilen bolmagyň, ýerlerde galla oragynyň alnyp barlyşyny görmegiň, kabul edilen durmuş maksatnamalarymyzyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşmagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.


06.06.2020 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 76-sy hasaba alyndy.


05.06.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine garaldy.


05.06.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar

Daşary işler ministrliginde Sankt-Peterburg şäheriniň hökümetiniň agzasy — Daşary aragatnaşyklar komitetiniň başlygy Ý.Grigorýew bilen onlaýn gepleşikler geçirildi. Duşuşyga şeýle hem senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedow gatnaşdy.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter