Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

19.03.2018 | Rejebow Eziz Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Rejebow Eziz Muhammettagiýewiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.


19.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanmagy bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi we bu wezipä gaýtadan saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.


19.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti HHR-yň Başlygy Si Szinpine gutlag iberdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Si Szinpini Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy wezipesine täzeden saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.


19.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Mejlisiň Başlygy, birnäçe ministrlikleriň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.


18.03.2018 | TSTB-niň forumy maýa goýum we innowasion işlerini işjeňleşdirmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň bu iri guramanyň döredilmeginiň on ýyllygyna bagyşlanan sergisi we maslahaty öz işini tamamlady.


17.03.2018 | Hormatly Prezidentimizden ýurdumyzyň zenanlaryna aýdym-saz sowgady

Şu gün türkmen telewideniýesi boýunça Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp geçirilen dabaralaryň barşynda 8-nji martda ýazga geçirilen widerolik görkezildi, şol dabaralara ýurdumyzyň ähli künjeklerinden zähmetde, çagalary terbiýelemekde, jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikler gazanan aýl-gyzlar çagyryldy.


17.03.2018 | DHÇMB söwdalarynda ABŞ-nyň 85 million dollaryna barabar geleşikler baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 104-si hasaba alyndy.


17.03.2018 | Hursand Imankulyýew - boks boýunça Feliks Ştamm adyndaky XXXV halkara ýaryşynyň çempiony boldy

Polşanyň paýtagty Warşawa şäherinde mart aýynyň 12-sinden 16-sy aralygynda Feliks Ştamm adyndaky boks boýunça XXXV halkara ýaryşy geçirildi, oňa 20 ýurtdan, şol sanda türkmenistanly türgenler gatnaşdylar. Erkekleriň arasynda geçirilen bäsleşiklerde ýygyndy toparymyz umumytoparlaýyn hasapda üçünji orny eýeledi.


17.03.2018 | Türkmenistanyň telekeçileriniň artýan mümkinçilikleriniň uly sergisi

Paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisiniň we maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Uly möçberli gözden geçiriliş şu ýyl 10 ýyllygyny belleýän bu iri jemgyýetçilik guramasynyň döredilmegine bagyşlanyldy.


17.03.2018 | Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna we ähli telekeçilerine

Hormatly Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary! Gadyrly türkmen telekeçileri!



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter