Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

06.04.2018 | Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň täze düzüminiň mejlisleri

Şu günler Türkmenistanda «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda» we «Geňeş hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary esasynda saýlanylan welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalary özleriniň birinji mejlislerini geçirýärler. Mejlislerde halk maslahatlarynyň başlygy we orunbasary, Geňeşleriň arçyny we kätibi saýlanylýar.


05.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoluny geçdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň işiniň örän köpdügine garamazdan, üýtgewsiz kada eýerip, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimi bilen bilelikde Saglyk ýoluny geçip, sport maşklary bilen meşgullandy.


05.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

A.Ö.Serdarow hakynda


05.04.2018 | 2017-nji ýylyň ýylýazgysy: saglygy goraýyş

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli we parasatly içeri syýasaty netijesinde halkymyzyň saglygyny goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. 2017-nji ýylyň netijeleri hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär. Bu ulgam dünýä ülňüleriniň derejesine çykdy.


04.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti “John Deere” kompaniýasynyň bölüminiň ýolbaşçysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we bag-seýilgäh enjamlary bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pentsy kabul etdi.


04.04.2018 | Türkmenistanda Estoniýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Heýti Mýaemeesden ynanç hatyny kabul etdi.


04.04.2018 | Türkmen dokma önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanýar

Bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça pudaklaryň eýe bolan mümkinçiliklerini doly peýdalanmak wezipesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmegiň başyny başlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.


03.04.2018 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2018-nji ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýakyn geljek üçin işiniň esasy ugurlary anyklaşdyryldy.


03.04.2018 | Türkmenistan — ÝHHG: häzirki zamanyň howplaryna hem-de wehimlerine garşy durmakda hyzmatdaşlyk

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň häzirki zaman dünýäsinde ekstremizmiň we radikalizmiň howplaryna garşy göreşmäge köptaraplaýyn çemeleşmeler meselesine bagyşlanan iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady.


03.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Abdel Fattah El-Sisä onuň Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter