Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

08.12.2017 | Senagat pudagy 11 aýyň jemleri boýunça ýokary önümçilik ösüşini görkezýär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýewyň habar bermegine görä senagat ministrligi boýunça 2017-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň möçberleri, öndürilen önümler hem-de ýerine ýetirilen hyzmatlar boýunça meýilnamanyň 107,8 göterime barabar bolandygy bellenildi.


08.12.2017 | Jemi içerki önümiň ösüş depgini şu ýylyň 11 aýynda 6.5 göterime deň boldy

2017-nji ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depgini 6,5 göterime deň boldy, şol sanda bu görkeziji senagat toplumynda 5,8 göterim, gurluşykda – 1,4 göterim, ulag-aragatnaşyk ulgamynda-10,9 göterim, söwdada-9,6 göterim, oba hojalygynda-5,1 göterim, hyzmatlar ulgamynda-8,9 göterim ýokarlandy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişiniň ösüşi 6,4 göterime ýetdi.


08.12.2017 | Döwlet Baştutanymyz ministrleriň birnäçesini wezipeden boşatdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin:


08.12.2017 | Annaniýaz Jepbarowa “Türkmenistanyň at gazanan artisti” ady berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda aýdym-saz sungatyny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary nazara alnyp, Ahal welkatynyň Ak bugdaý etrabynyň medeniýet bölüminiň baş hünärmeni Annaniýaz Jepbarowiç Jepbarowa “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly at dakyldy.


08.12.2017 | Owganystanyň baştutany Türkmenistanyň Prezidentini Serhetabat-Turgundi demir ýolunyň gurluşygynyň başlanmagy bilen gutlady

Owganystan Respublikasynyň Prezidenti Mohammat Aşraf Gani Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberdi onda şeýle diýilýär:


07.12.2017 | Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlaryny täzeden dikeldýär

Türkmen demirýol gurluşykçylary Mary welaýatynyň serhet ýakasyndaky Serhetabat bekedinden Owganystanyň Turgundy şäherine çenli polat ýoly çekmek boýunça işleri yhlasly alyp barýarlar.


06.12.2017 | Türkmenistan raýat awiasiýasynyň logistiki kuwwatyny ýokarlandyrýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1-njy dekabrda bolan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde yklymyň magistral ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň çäk ýagdaýynyň atrykmaçlygynyň ýurdumyza Ýewraziýa gatnaşyklaryny üpjün etmek üçin milli ulag serişdelerimizi amatly peýdalanmaga mümkinçilik berýänligini belledi.


06.12.2017 | Aşgabatda Türkmenistanyň we Türkiýäniň sungat ussatlarynyň konserti bilen döredijilik forumy tamamlandy

Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy.


06.12.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň ýurdumyzda diplomatik işi tamamlanýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Çung Tae-Ini kabul etdi.


05.12.2017 | Türk medeniýetiniň günleri türkmenistanlylary doganlyk halkyň döredijilik däpleri bilen tanyşdyrýar

Ynsanperwer gatnaşyklar Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Rejep Taýip Ärdogan tarapyndan özara ynam we düşünişmek esasynda guralýan döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Ýokary derejede geçirilen duşuşyklarda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda geçirilýän bu döredijilik çäresine onuň guramaçylary we gatnaşyjylary tarapyndan iki ýurduň üstünlikli hyzmatdaşlygyna uly goşant hökmünde baha berilýär.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter