Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

19.01.2018 | Türkmenistanyň wekiliýeti Pakistanda we Hindistanda gepleşikleri geçirdi

Türkmenstanyň wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynda we Hindistan Respublikasynda iş saparynda boldy. Yslamabatda we Nýu-Delide geçirilen gepleşikleriň jemleri barada hökümet mejlisinde wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy Raşid Meredow hasabat berdi.


19.01.2018 | Döwlet Baştutany Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň günini bellemek baradaky teklibi goldady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güniniň baýramyny birleşdirmek baradaky teklibi goldady.


19.01.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti TOPH-nyň gurluşygyna maýa goýumlary üçin Saud Arabystanynyň Patyşasyna minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynda ulanmak maksady bilen, Saud ösüş gaznasynyň maýa goýum serişdelerini iberendigi üçin çuňňur minnetdarlyk hatyny iberdi.


19.01.2018 | Aşgabatda türkmen-koreý parlamentara gatnaşyklarynyň ileti tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Mejlisinde Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete Koreýa-Türkmenistan parlament dostluk toparynyň ýolbaşçysy, ylym, teleradiogepleşikler we aragatnaşyk boýunça komitetiniň agzasy jenap Park Deçul ýolbaşçylyk etdi.


18.01.2018 | Türkmenistan Aziýanyň demir ýol ulgamyna möhüm halka hökmünde goşulyşýar

Şu hepdede, sişenbe güni Türkmenistandan Akýaýla demir ýol menziliniň üsti bilen Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça synag gatnawyny amala aşyrýan düzümleriň tapgyryndan üçünji konteýner ýük düzümi Eýrana ugrady. Ozal habar berlişi ýaly, şu ýol boýunça ilkinji şeýle demir ýol düzümi türkmen-eýran serhedinden 8-nji ýanwarda, şondan birnäçe gün soň, 12-nji ýanwarda ikinjisi geçdi.


18.01.2018 | Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň umumy mejlisi TYA-nyň prezidenti M. Aşyrbaýewiň dynç alşa gitmek baradaky haýyşnamasyny kanagatlandyrdy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda umumy mejlis geçirildi. Onuň gün tertibinde guramaçylyk meselesine garaldy. Mejlisde M. Aşyrbaýewiň dynç alşa gitmek baradaky haýyşnamasyny kanagatlandyryp, ony Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesinden boşatmak hakynda çözgüt kabul edildi.


18.01.2018 | Parlamente we sebitleýin halk maslahatlaryna saýlanmak boýunça saýlaw toparlary döredildi

Türkmenistan—möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakanyň—Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň öňüsyrasynda. Bu saýlawlar 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriler.


18.01.2018 | Türkmenistan we Ýaponiýa telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde we Aragatnaşyk ministrliginde “Sony Corporation” ýapon kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk boldy. Wekiliýete ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek maksadynda sapar bilen ýurdumyzda bolýan şol kompaniýanyň baş dolandyryjysy Hajime Nakamura ýolbaşçylyk edýär.


18.01.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Baştutanyna awtobus ýangynynda heläk bolanlar zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Gazagystan Respublikasynyň Aktobe welaýatynda ýolagçy awtobusynyň heläkçilikli ýanmagy netijesinde, Özbegistanyň köpsanly raýatlarynyň gurban bolmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.


18.01.2018 | Öwezdurdy Hojanyýazow içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, polisiýanyň podpolkownigi Öwezdurdy Geldiýewiç Hojanyýazow Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter