Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

02.09.2019 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň jemgyýetçilik durmuşynda uly orun tutýan ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2019 — 2020-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


31.08.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.


30.08.2019 | «Arçabil» topary «Şark taronalari» XII Halkara aýdym-saz gözden geçirilişinde 2-nji orna mynasyp boldy

Samarkantda «Şark taronalari» («Gündogar owazlary») XII Halkara aýdym-saz gözden geçirilişiniň dabaraly ýapylyşynyň dowamynda abraýly bäsleşigiň ýeňijilerine we onda baýrakly orunlary eýelänlere baýraklary gowşurmak dabarasy boldy.


30.08.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


30.08.2019 | Türkmen halkynyň belent ruhy däplerine eýerip

30-njy awgustda ýurdumyzyň dindarlarynyň maslahaty geçirildi. Oňa welaýatlardan we Aşgabat şäherinden din işgärleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.


30.08.2019 | Resmi habar

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hem-de ilata konsullyk işi boýunça netijeli hyzmat edilmegini üpjün etmek maksady bilen, şeýle hem “Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


30.08.2019 | Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary

Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bu gurama halkara parahatçylygy, howpsuzlygy gorap saklamak we pugtalandyrmak, ähli döwletleriň hem-de halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmek meseleleri boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň mandatyna eýe bolan ýeke-täk halkara düzüm hökmünde garaýar.


30.08.2019 | ESKATO-nyň ştab-kwartirasynda BMG-nyň Aral deňziniň töweregi üçin Ýörite maksatnamasy hakynda hasabat beýan edildi

2019-njy ýylyň 29-njy awgustynda BMG-nyň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we durmuş toparynyň ştab-kwartirasynda «Daş töwerek we betbagtçylyklar:Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde nogsanlyklaryň öwezini dolmak» ugurdaş çäresiniň çäklerinde betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak boýunça Komitetiň Altynjy mejlisinide BMG-nyň Aral deňziniň töweregi üçin Ýörite maksatnamasy (UN SPAS) bilen tanyşdyryldy, diýlip Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.


30.08.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününi döretmek hakynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklaryny ösdürmekde, ylmy-tehniki innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp, täze belentliklere ýetmekde toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin:


30.08.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi bellemek hakynda

Saglygy goraýyş ulgamyny we derman senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň tutanýerli zähmetini, ilatymyzyň sagdyn ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmäge goşýan uly goşantlaryny dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin:



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter