Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

23.02.2018 | Täze transmilli desgalaryň gurluşygyna taryhy badalga berildi

Şu gün Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda hem-de Owganystanyň Hyrat şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyryna badalga bermek, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Serhetabat-Turgundy demir ýoluny ulanmaga bermek mynasybetli dabaralar geçirildi. Olara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi hem-de Hindistan Respublikasynyň Daşary işler döwlet ministri Mobaşar Jawed Akbar gatnaşdylar.


23.02.2018 | TOPH taslamasynyň täze tapgyryna badalga berilmegine gabatlanyp, altyndan we kümüşden ýadygärlik şaýy pullary çykaryldy

Taryhy wakanyň öňüsyrasynda--Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçirilen dabaranyň öňýanynda Türkmenistanyň Merkezi banky her haýsysynyň nominaly 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullaryndan durýan ýadygärlik şaýy pullar toplumyny çykardy. Täze şaýy pullar Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy – Beýik Britaniýanyň “Royal Mint” zikgehanasynda ýasaldy.


23.02.2018 | Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisi barada Ylalaşyga gol çekildi

TOPH taslamasynyň nobatdaky tapgyryna badalga berilmegi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaranyň barşynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


23.02.2018 | Mobaşar Jawed Akbar: TOPH gaz geçirijisi hindi ykdysadyýeti üçin hem möhüm taslama bolup durýar

TOPH gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna başlanmagyna bagyşlanan dabarada çykyş edip, Hindistanyň daşary syýasat edarasynyň baştutany Mobaşar Jawed Akbar şeýle taryhy pursatlarda Türkmenistanda bolmaga şatdygyny belledi. Türkmen we hindi halklarynyň dostlugy we hyzmatdaşlygy müňýyllyklardan gözbaş alýar diýip, Hindistan Respublikasynyň DIM-niň baştutany aýtdy we asyrlaryň dowamynda emele gelen bu gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin möhüm binýat bolup durýandygyny nygtady.


23.02.2018 | Pakistanyň Premýer-ministri: TOPH taslamasy netijeli döwletara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri döredýär

Meniň üçin şu gün bu ýerde bolmak uly hormatdyr diýip, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi TOPH taslamasynyň nobatdaky tapgyryna başlanmagyna bagyşlanan dabarada çykyş edende aýtdy.


23.02.2018 | Owganystanyň Prezidenti: TOPH -- geljekki nesillerimiz üçin hyzmatdaşlygyň binýady

“Bu gün biz diňe bir gaz geçirijisiniň gurluşygynyň düýbüni tutmak bilen çäklenmän, eýsem, geljekki nesillerimiz üçin binýady, hyzmatdaşlygyň binýadyny goýýarys” diýip, Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani TOPH taslamasynyň nobatdaky tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine başlanmagyna bagyşlanan dabarada aýtdy.


23.02.2018 | Serhetabat-Turgundy täze türkmen-owgan demir ýoly boýunça otlylaryň hereketi açyldy

Şu gün TOPH gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Serhetabat-Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi.


23.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti: bir-biregi ýakynlaşdyrýan taslamalar sebitiň ýurtlarynyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga giň ýol açýar

Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan diwersifikasiýa ýoly bilen, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny köptaraply düzümleri döretmegiň hasabyna artdyrmak arkaly mawy ýangyjy eksport etmek boýunça tutumly işleri alyp barýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabarada eden çykyşynda aýtdy.


23.02.2018 | TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga aldy

Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berildi, şeýle hemTürkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutuldy. Şunuň bilen birlikde Serhetabat-Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi.


22.02.2018 | TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy bo­ýun­ça Ýol­baş­çy ko­mi­te­tiň mej­li­si

Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň mer­ke­zin­de­ Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy bo­ýun­ça Ýol­baş­çy ko­mi­te­tiň 25-nji mej­li­si ge­çi­ril­di, oňa tas­la­ma gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň, şeý­le hem Azi­ýa ösüş ban­ky­nyň ýo­ka­ry we­zi­pe­li ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter