Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

22.02.2018 | Pa­ra­lim­pi­ýa pauer­lif­ting bo­ýun­ça dün­ýä Ku­bo­gy ug­run­da­ky ýa­ryş­da türk­men tür­gen­le­ri üç me­da­la eýe bol­du­lar

Du­baý şä­he­rin­de (BAE) pauer­lif­ting bo­ýun­ça müm­kin­çi­lik­le­ri çäk­li tür­gen­le­riň ara­syn­da ta­mam­la­nan dün­ýä Ku­bo­gy ug­run­da ýa­ryş­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry bir al­tyn we iki kü­müş me­da­la my­na­syp bo­lup, ýo­ka­ry de­re­je­li ýa­ryş­lar­da iň go­wy ne­ti­je­le­riň bi­ri­ni gör­kez­di­ler.


22.02.2018 | Mej­li­siň de­pu­tat­ly­gy­na, halk mas­la­hat­la­ry­nyň we Ge­ňeş­le­riň ag­za­ly­gy­na da­laş­gär­li­ge hö­dür­le­mek ta­mam­lan­dy

Türk­me­nis­tan­da Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry­ny, halk mas­la­hat­la­ry­nyň we Ge­ňeş­le­riň ag­za­la­ry­ny saý­la­mak bo­ýun­ça saý­law möw­sü­mi­niň çäk­le­rin­de da­laş­gär­le­ri hö­dür­le­mek ta­mam­lan­dy. Hä­zir­ki wagt­da bel­li­ge al­mak do­wam ed­ýär we da­laş­gär­le­riň saý­law­çy­lar bi­len du­şu­şyk­la­ry baş­lan­dy.


22.02.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň we Pa­kis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň ara­syn­da gep­le­şik­ler

Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň mer­ke­zin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Şa­hid Ha­kan Ab­ba­si­niň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Be­lent mer­te­be­li myh­man Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tä­ze des­ga­la­ry­nyň, Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­my­nyň we op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň gur­lu­şy­gy­nyň baş­lan­ma­gy hem-de Ser­he­ta­bat — Tur­gun­dy de­mir ýo­lu­nyň açy­ly­şy my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ra gat­naş­mak üçin ýur­du­my­za gel­di.


22.02.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Hin­dis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler döw­let mi­nist­ri bilen duşuşdy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry iş­ler döw­let mi­nist­ri je­nap Mo­ba­şar Ja­wed Ak­bar bi­len du­şuş­dy. Ol öňü­miz­dä­ki da­ba­ra­ly çä­re­le­re gat­naş­mak üçin öz ýur­du­nyň we­ki­li­ýe­ti­ne ýol­baş­çy­lyk edip, Türk­me­nis­ta­na gel­di.


22.02.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri­ni ka­bul et­di

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri Sul­tan Bin Said Al-Man­su­ry ka­bul et­di.


22.02.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry­ny ka­bul et­di

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry, “Uz­bek­nef­te­gaz” paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Ali­şer Sul­ta­no­wy ka­bul et­di. Ol Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň no­bat­da­ky tap­gy­ry­nyň gur­lu­şy­gyna ba­dal­ga be­ril­me­gi, Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­myň we op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň düý­bü­niň tu­tul­ma­gy hem-de Ser­he­ta­bat — Tur­gun­dy de­mir ýo­lu­nyň açyl­ma­gy my­na­sy­bet­li çä­re­le­re gat­naş­mak üçin ýur­du­my­za gel­di.


22.02.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ga­za­gys­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry­ny ka­bul et­di

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra äh­mi­ýet­li çä­re­le­re gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­na ge­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry As­kar Ma­mi­ni ka­bul et­di.


22.02.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Azi­ýa ösüş ban­ky­nyň we­ki­li­ni ka­bul et­di

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Azi­ýa ösüş ban­ky­nyň Mer­ke­zi we Gün­ba­tar Azi­ýa bo­ýun­ça de­par­ta­men­ti­niň baş di­rek­to­ry Wer­ner Li­pa­gy ka­bul et­di.


22.02.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ys­lam ösüş ban­ky­nyň ýol­baş­çy­sy­ny ka­bul et­di

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ys­lam ösüş ban­ky­nyň wi­se-pre­zi­den­ti Man­sur Muh­ta­ry ka­bul et­di, ol ägirt uly hal­ka­ra äh­mi­ýet­li da­ba­ra­ly çä­re­le­re gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­na gel­di.


21.02.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň göç­me mej­li­si

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sa­pa­ry bi­len Ma­ry we­la­ýa­ty­na ug­ra­dy, bu ýer­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň göç­me mej­li­si­ni ge­çir­di.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter