Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

24.08.2019 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden gatnaşan ýaş, zehinli aýdymçy ýaşlaryň arasyndan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek ugrunda joşgunly zähmet çekjek, türkmeniň aýdym-saz sungatynyň parlak ýyldyzlary bolup ýetişjek zehinli aýdymçylary ýüze çykardy.


24.08.2019 | «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde ýaş aýdymçylaryň arasynda her ýyl geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.


24.08.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we uçar kerosinini, Türkiýäniň işewür toparynyň wekilleri bolsa ownuk däneli hlorly kaliýni (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, portlandsement, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara Birleşen Arap Emirlikleri, Gruziýa, Gyrgyzystan, Özbegistan degişlidir. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 6 million 196 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Kanadadan, BAE-den, Türkiýeden, Pakistandan, Gonkongdan gelen täjirler jemi bahasy 11 million 827 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi we matany satyn aldylar.


24.08.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň telebäsleşigine gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Sizi «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze aýdym-sazlar bilen barha kämilleşýän sungat äleminde size döredijilik üstünliklerini, juwan kalbyňyzdan joşup çykýan zehiniňiziň hemişe joşgunly bolmagyny arzuw edýärin.


23.08.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işine garaldy, birnäçe resminamalar kabul edildi.


23.08.2019 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Geldyýewiç Atajanow Hazar deňzi institutynyň direktory wezipesine bellenildi.


22.08.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmagyň öň hatarynda

Häzirki döwürde ýurdumyzyň dokma pudagy diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli ýokarlandyrýar. Dokma senagatyny öňdebaryjy tehnologiýalar we ýurdumyzyň hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri esasynda depginli ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi.


21.08.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: ekologiýa hakynda alada - ýurduň we halkyň geljegi hakynda alada

2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji maslahatynyň çäklerinde ösüş meseleleri boýunça duşuşykda çykyş etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä döwletleriniň we halklarynyň durmuş we ykdysady ösüşini daşky gurşaw hakynda alada etmezden gazanyp bolmaz diýip belledi.


20.08.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumyndaky özgertmeleri - azyk bolçulygynyň binýady

Obasenagat toplumynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr, munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi, ilatyň ýaşaýşynyň derejesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu ulgamda oba hojalygynyň netijeli ösdürilmegine, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň artdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.


19.08.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipeleri, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter