Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

11.12.2017 | GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy işgärleriniň XII maslahaty açyldy

Russiýanyň paýtagtynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy işgärleriniň XII maslahaty açyldy, oňa Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Russiýanyň wekilleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar.


11.12.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanylan foruma gatnaşyjylary gutlady

Hormatly halkara maslahatyna gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasaty we öňüni alyş diplomatiýasy: Türkmenistanyň tejribesi we onuň ähmiýeti» atly halkara maslahatynyň işiniň başlanmagy, şeýle hem ýetip gelen Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn!-diýlip, hormatly Prezidentimiziň gutlagynda aýdylýar.


10.12.2017 | Paýtagtymyzyň Maslahatlar köşgünde küştdepdiniň Maddy däl medeni mirasyň sanawyna goşulmagy mynasybetli dabara boldy

Ministrler Kabinetiniň 8-nji noýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen milli „Küştdepdi“ aýdym we tans sungatynyň ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna girizilendigini habar berdi we watandaşlarymyzy şu waka bilen gutlady. Bu çözgüt Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Koreýa Respublikasynyň Çeju şäherinde geçirilen 12-nji mejlisinde biragyzdan goldanyldy.


09.12.2017 | Döwlet Baştutanymyzyň adyndan halkara ýaryşlaryň 3-siniň baýraklaryna eýe bolan türgenlere sowgatlar gowşuryldy

Milli sport we syýahatçylyk institutynyň maslahatlar zalynda dekabryň başynda bolup geçen halkara ýaryşlarynyň baýrak eýelerini sylaglamak dabarasy geçirildi.


09.12.2017 | TDHÇB-nyň söwdalarynda nebitiň we pagtanyň gaýtadan işlenilen önümleri uly orun tutdy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 158-si hasaba alyndy.


08.12.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň on bir aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda hökümetiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň geçiren işleriniň jemlerine garaldy, Prezident maksatnamalarynyň we beýleki milli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine baha berildi. Mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri, birnäçe möhüm resminamalaryň taslamalary hem-de guramaçylyk meseleleri girizildi.


08.12.2017 | Resmi habarlar

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.


08.12.2017 | 1690 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 1690 adam türkmen raýatlygyny kabul etdi. Hormatly prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde degişli Permana gol çekdi.


08.12.2017 | Senagat pudagy 11 aýyň jemleri boýunça ýokary önümçilik ösüşini görkezýär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýewyň habar bermegine görä senagat ministrligi boýunça 2017-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň möçberleri, öndürilen önümler hem-de ýerine ýetirilen hyzmatlar boýunça meýilnamanyň 107,8 göterime barabar bolandygy bellenildi.


08.12.2017 | Jemi içerki önümiň ösüş depgini şu ýylyň 11 aýynda 6.5 göterime deň boldy

2017-nji ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depgini 6,5 göterime deň boldy, şol sanda bu görkeziji senagat toplumynda 5,8 göterim, gurluşykda – 1,4 göterim, ulag-aragatnaşyk ulgamynda-10,9 göterim, söwdada-9,6 göterim, oba hojalygynda-5,1 göterim, hyzmatlar ulgamynda-8,9 göterim ýokarlandy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişiniň ösüşi 6,4 göterime ýetdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter