Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

23.01.2018 | Parlamente, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna dalaşgärleri hödürlemek çäreleri başlanýar

Aşgabatda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Ol Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere bagyşlandy. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň işgärleri, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


23.01.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine täze bellenen Jin Ki Huny kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


23.01.2018 | “Ahal” topary AFK-nyň Kubogy ugrundaky saýlama ýaryşlara ynamly başlady

Türkmenistanyň çempionatynyň kümüş medalyna hem-de ýurdumyzyň Kubogyna eýe bolan “Ahal” topary “AFK-nyň Kubogy - 2018” ýaryşynda 23-nji ýanwarda Bişkekde ilkinji saýlama duşuşygyny geçirdi.Biziň toparymyz Gyrgyzystanyň Kubogynyň eýesi Bişkegiň “Dordoý” topary bilen duşuşdy.


23.01.2018 | Türk­me­nis­tan — Be­ýik Bri­ta­ni­ýa: hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek, däp bo­lan hyz­mat­daş­lar bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ryň tä­ze usul­la­ry­ny göz­le­mek hem-de gel­je­gi uly türk­men ba­za­ry­na çyk­ma­ga ça­lyş­ýan kom­pa­ni­ýa­lar bi­len işe­wür gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak mak­sa­dy bi­len, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň paý­tag­ty­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy.


22.01.2018 | “Milli goşun” žurnalynyň nobatdaky sany okyjylary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň üstünlikleri bilen tanyşdyrar

Goranmak ministrligi tarapyndan ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, şeýle hem harby gullukçylaryň edebiýat başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen neşir edilýän “Milli goşun” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.


22.01.2018 | Amuldan Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikleri. Harytlar üçin serhet ýok

Ýüpek ýoly ägirt uly Ýewraziýa giňişliginde söwdany we ykdysadyýeti ösdürmegiň kuwwatly itergi beriji güýji bolup hyzmat etdi, ençeme halklaryň arasynda medeni we ylmy gatnaşyklar ýola goýulmagyna ýardam berdi. Türkmenistan şu işde uly orun tutdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi bilen ýurdumyzda 2018-nji ýylyň yglan edilen şygary türkmen topragynyň üstünden geçen hem-de onuň goýnunda ähmiýetliliginiň gymmatly subutnamalaryny goýan bu taryhy ýoluň aýratynlygyna çuňňur düşünmäge bize esas berýär.


22.01.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti we Hindistanyň Ilçisi hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça pikir alyşdylar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nagendra Prasady kabul etdi.


20.01.2018 | Beýik Ýüpek ýolunyň özboluşly aýratynlygyny wagyz etmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Beýik Ýüpek ýoly” atly maslahat geçirildi. Maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylym, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar.


20.01.2018 | Mejlisiň deputatynyň işjeňligi oba saglygy goraýyş özgertmelerinde öz anyk netijelerini berýär

Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen Milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde 20 orunlyk çaga dogrulýan bölümiň düýbüni tutmak dabarasy boldy.


20.01.2018 | Türkmenistanyň DHÇMB söwdalarynda pagta önümleri öňdeligi eýeledi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter