Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

25.11.2018 | Watançy nesli kemala getirmek — enäniň belent wezipesi

Daşoguz welaýatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyna bagyşlanan giň gerimli jemgyýetçilik çäreleri ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçirildi.


24.11.2018 | Küşt boýunça ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndy topary Daşkentde geçirilen halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdi

Türkmenistanyň ýygyndy topary 16-23-nji noýabr aralygynda ýetginjekleriň arasynda Daşkentde geçirilen Günbatar Aziýa çempionatynda şowly çykyş etdi. Ýurtlaryň 11-sinden 300-e golaý ýaş küştçiler ýaşy 6-a, 8-e, 10-a, 12-ä, 14-e, 16-a, 18-e we 20-ä çenli ýaş toparlarynda baýrakly orun ugrunda bäsleşdiler. Ýaryş üç görnüşde: nusgawy, rapid we blis bäsleşikleri görnüşinde geçirildi.


24.11.2018 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.


23.11.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.


23.11.2018 | Türkmenistan — ÝHHG: ynsanperwerlik ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda milli azlyklar we olaryň jemgyýetçilik durmuşyna goşulyşmagy bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan “tegelek stoluň” başynda duşuşyk geçirildi.


23.11.2018 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alýan parahatçylyk söýüji daşary syýasatyna laýyklykda, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek we ulag ulgamyndaky köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.


22.11.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Ylham Aliýewiň arasynda gepleşikler

Şu gün türk­men paý­tag­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýur­du­my­za res­mi sa­par bi­len ge­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­wiň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di.


22.11.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ça­gyr­ma­gy bo­ýun­ça 2018-nji ýy­lyň 22-nji no­ýab­ryn­da Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­wiň Türk­me­nis­ta­na res­mi sa­pa­ry bol­dy.


21.11.2018 | Dünýäniň nebitgaz bazarynyň ösüş ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün paýtagtymyzda geçýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018” forumyň çäklerinde mowzuklaýyn maslahatyň jemleýji güni boldy. Oňa Russiýanyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, BAE-niň, Malaýziýanyň we Ýewropanyň, Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň hem-de GDA-nyň ýurtlarynyň döwlet düzümleriniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, nebitgaz we hyzmatlar kompaniýalarynyň, iri abraýly guramalaryň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.


21.11.2018 | Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa: gatnaşyklary ösdürmegiň täze strategiýasy

23-nji noýabrda Brýusselde Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa görnüşinde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçiriler. Bu waka bäş ýurdy – Türkmenistany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany hem-de Özbegistany birleşdirýän sebit boýunça Ýewropa Bileleşiginiň täze strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagyna bagyşlanan gepleşikleriň, mejlisleriň we beýleki çäreleriň tapgyrynda möhüm sepgit bolar.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter