Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

20.09.2017 | Milli ýygyndy toparymyzyň hasabynda 127 medal: 53—altyn, 37 – kümüş, 37—bürünç medal bar

Türkmenistanyň ýygyndy topary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda medallar ugrunda bäsleşmegini dowam edýär. Şu gün hem biziň türgenlerimiziň şowly çykyşlary we nobatdaky medallary bilen guwandyrdy. Guşakly göreş, taýboksy, bilýard, ýeňil atletika, kuraş göreşi boýunça ýaryşlardaky çykyşlar biziň türgenlerimize hormat münberine çykmaga ýardam etdi.


20.09.2017 | “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmeniň taryhy: Nusaý

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy hakydamyzda uzak wagt saklanar. Ol üç ýarym sagada golaý dowam edip, jadyly pursatlar deýin geçip gitdi. Döwlet Baştutanlary, resmi wekiliýetleriň ýolbaşçylary, köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri—hemmeler müňlerçe adamlaryň gatnaşmagynda döredilen ajaýyp şüweleňe haýran galdylar.


20.09.2017 | Satuwda jemgyýetçilik ulagynda gatnawy tölemegiň elektron kartlary peýda boldy

Türkmenistan ilata hyzmat etmek ulgamyna täze tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýar. Sentýabrda Aşgabadyň jemgyýetçilik ulag ulgamyna tölegiň elektron görnüşiniň girizilip başlanmagy bu ugurdaky nobatdaky ädim boldy.


20.09.2017 | Guşakly göreş boýunça ýaryşlarda türkmen pälwanlary 5 bürünç medal gazandylar

V Aziada guşakly göreş ýaryşlarynyň ikinji güni nusgawy görnüşdäki tutluşyklar bilen dowam etdi. Biziň türgenlerimiz sportuň bu görnüşinde ýokary netijeleri görkezýärler.


19.09.2017 | Pygy Baýramdurdyýew: Oýunlar ýurdumyzyň beýik gazananlaryny alamatlandyrýar

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawyny ýakmak ynanylan , Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy Pygy Baýramdurdyýew interwýu berdi:


19.09.2017 | Oýunlaryň dördünji güni Türkmenistanyň öňdeligini tassyklady

Olimpiýa şäherçesinde “Aşgabat 2017” oýunlary dowam edýär. Şu gün sportuň 11 görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi we olaryň bäşisinde medallar ugrundaky göreşler ýaýbaňlandyryldy. Bu gün biziň ýygyndy toparymyz sportuň guşakly göreş, jiu-jitsu we agyr atletika boýunça jemi 27 medala, şol sanda 14 altyn medala eýe boldy. Bu bolsa ýurdumyzyň toparyna umumy hasap boýunça öňdeligi saklamaga mümkinçilik berdi. Oýunlaryň ähli günleri boýunça ýygyndy toparymyz jemi 89 medala - 43 altyn, 28 kümüş we 18 bürünç medala eýe boldy.


19.09.2017 | Dünýä sportunyň ýyldyzlary – “Aşgabat 2017” oýunlarynyň myhmanlary

Şu günler türkmen paýtagtynda bolýan köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda dünýä derejesindäki sport ýyldyzlary, şol sanda köp nesilleriň söýgüsini gazanan meşhur hokkeýçi Wladislaw Tretýak hem-de belli figuryçy Irina Rodnina hem bar.


19.09.2017 | Milli göreş boýunça türkmen türgenleri 23 altyn medal gazandylar

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda 18-nji sentýabrda milli göreş boýunça bäsleşikler tamamlandy. Ol Türkmenistan üçin şowly boldy – biziň türgenlerimiz sportuň bu görnüşinde 23 altyn, 14 kümüş we 9 bürünç medal gazandylar.


19.09.2017 | Jiu-jitsu boýunça geçirilen ýaryşlaryň final gününde zenanlar ýygyndy topary ähli derejeli medallara mynasyp boldular

Jiu-jitsu boýunça geçirilen ýaryşlaryň jemleýji gününde biziň zenan türgenlerimiz V Aziadanyň ähli derejeli medallaryna mynasyp boldular.


19.09.2017 | Wahdat Sultan-zade: Aziýa oýunlary Türkmenistanyň dünýä bileleşigine işjeň goşulyşýanlygyny görkezýär

„Aşgabat 2017“ Oýunlarynyň açylyş dabarasyna çagyrylan myhmanlaryň arasynda öz wekilçilik eden döwletleri bilen Türkmenistanyň arasynda ynanşykly gatnaşyklary ýola goýmaga we köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly goşant goşan daşary ýurtly diplomatlar-da bar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter