Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

11.05.2020 | Türkmenistanyň wekilleri BMG-nyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň guran wideo-duşuşygyna gatnaşdylar

2020-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň 2022-2025-nji ýyllar üçin orta möhletli strategiýasyny taýýarlamak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly köptaraplaýyn iş maslahaty geçirildi.


11.05.2020 | Türkmenistanyň we Ysraýylyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi

Şu gün şeýle hem ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň hem-de Ysraýyl Döwletiniň arasynda Daşary işler ministrlikleriniň wideomaslahat görnüşindäki geňeşmeleri geçirildi.


11.05.2020 | Türkmenistan — BMG: hoşniýetli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

Şu gün BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezinde geçirilen iş duşuşygynda Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyny ýerine ýetirmek boýunça 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.


10.05.2020 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.


09.05.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy.


09.05.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasaryny kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary, general-polkownik Aleksandr Fomini kabul etdi.


09.05.2020 | Astrahan oblastynyň gubernatory türkmen Liderine muzdsuz iberen önümleri üçin hoşallyk bildirdi

Size uly hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan hem-de öz adymdan Türkmenistanyň şu çylşyrymly döwürde biziň sebitimize zerur kömegi öz wagtynda berendigi üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etmäge rugsat ediň.


09.05.2020 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Sizi göwünlerde çäksiz buýsanç duýgularyny döredýän şanly sene — 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


09.05.2020 | Ýeňiş baýramy mynasybetli döwlet Baştutanynyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň!


08.05.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter