Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

26.10.2017 | Fransiýanyň işewür toparlary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Cifal” toparynyň prezidenti we baş direktory Žil Remini kabul etdi.


26.10.2017 | “NATA Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “NATA Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Namyk Tanygy kabul etdi.


26.10.2017 | “Interbudmontaž” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Interbudmontaž” ukrain gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petrugy kabul etdi.


26.10.2017 | Aleksandr Tislenko “Altkomyň” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygyny tassyklady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenkony kabul etdi.


26.10.2017 | Paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde ýurdumyzyň baş baýramynyň hormatyna konsert boldy

Paýtagtymyzda, Watanymyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda döwlet özbaşdaklygynyň 26 ýyllygynyň hormatyna uly dabaralar geçirilýär. Iň gowy döredijilik işgärleri Maslahat köşgünde çykyş etdiler.


26.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti “Samsung C&T” korporasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Koreýanyň belli “Samsung C&T” korporasiýasynyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Şin Kim kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi umumymilli baýramçylyk—ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady.


26.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň zawodlary we infrastrukturalary gurmak boýunça prezidenti Tasuýa Watanabeni kabul etdi.


26.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Areti” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Areti” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.


26.10.2017 | Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy daşary ýurtly kärdeşleri gutlaýarlar

Türkmenistan ykdysady, durmuş we ylmy-tehniki ulgamlarda uly üstünlikler gazandy. Siziň ýurduňyz dünýä giňişliginde uly abraýa eýe boldy. Russiýa-türkmen gatnaşyklary strategiki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine çykdy. Biziň golaýda Aşgabatda geçiren gepleşiklerimiziň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň ähli ugurlarda netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynanýaryn. Munuň özi, gürrüňsiz, Russiýanyň we Türkmenistanyň halklarynyň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýär, sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny pugtalandyrmaga ýardam edýär diýip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin gutlag hatynda belleýär.


26.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti “John Deere” amerikan kompaniýasynyň wekilini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we seýilgäh-bagçylyk enjamlary bölüminiň baştutany Markwart fon Pentsy kabul etdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter