Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

31.08.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýurdumyzyň 2017-nji ýylyň 8 aýynda durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlanan göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda hökümetiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işiniň netijelerine garaldy, kabul edilen Prezident maksatnamalarynyň we beýleki durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine baha berildi. Gün tertibine Söwda -senagat edarasynyň işiniň käbir meseleleri we möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalary hem girizildi.


31.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti “Harwi” harasadynyň pidalary zerarly, ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren “Harwi” harasady zerarly, gynanç hatyny iberdi.


31.08.2017 | Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygyna käýinç yglan edildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugy bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Gylyjow Babagylyja käýinç yglan edildi.


31.08.2017 | V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabadyň mekdep okuwçylary we talyplary meýilnamadan daşary rugsada çykarlar

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabadyň mekdep okuwçylary we talyplary meýilnamadan daşary rugsada çykarlar. Hökümetiň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli buýruga gol çekdi.


31.08.2017 | Türkmenistanyň ykdysadyýet boýunça wise-premýeri saglyk ýagdaýy sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşadyldy

Bäşimmyrat Hojamämmedow saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.


31.08.2017 | Ýylyň 8 aýynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň depgini 6,4 göterime deň boldy

2017-nji ýylyň 8 aýynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşiniň depgini 6,4 göterime deň boldy.


31.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygynyň özgerdilişini çaltlandyrmagy talap etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 8 aýynyň netijeleri boýunça hökümetiň mejlisinde ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda düýpli özgertmeleriň geçirilmegini işjeňleşdirmegi talap edtdi.


31.08.2017 | Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurulmagyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar

Häzirki wagtda Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde Türkmenistan-Owganystan-Hindistan-Pakistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen baglanyşykly guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Bular barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer M.Babaýew habar berdi.


30.08.2017 | Ýurdumyzda pagta ýygymy badalga aldy

30-njy awgustda ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymy badalga aldy. Pagtaçylyk Türkmenistanda önümçilik möçberiniň artdyrylmagyna ilkinji derejede ähmiýet berilýän strategik oba hojalyk ekinleriniň biridir. Pagtanyň özi-de, ondan öndürilýän dokma önümleri hem dünýa bazarlarynda ýokary isleglerden peýdalanmak bilen, ýurdumyzyň eksportynyň möhüm bölegini düzýärler.


30.08.2017 | Hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlisinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy

Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlisi boldy. Duşuşyga iki dostlukly ýurduň pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter