Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

26.09.2017 | “Türkmenhowaýollary” Aşgabat-Ýerewan ugry boýunça uçuşlary ýerine ýetirmäge başlaýar

Türkmenistan bilen Ermenistanyň paýtagtlaryny baglanyşdyran ýene-de bir halkara ugur – Aşgabat-Ýerewan-Aşgabat ugry “Türkmenhowaýollary” gullugynyň howa uçuşlarynyň gatnaw tertibiniň üstüni ýetirdi.


26.09.2017 | "Aşgabat 2017" oýunlarynyň bezeg öwüşginlerinde Türkmenistanyň täsin milli mirasy şöhlelendirildi

"Aşgabat 2017" oýunlary diňe bir uly we nurana baýramçylyk bolman, eýsem-de, onda türkmen halkymyzyň medeni mirasy hem-de medeniýetimiziň beýik gazananlary ajaýyp, doly derejede dünýä görkezildi.


26.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy: Gadymy Merw we Oguzhan

V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda görkezilen ajaýyp sahnalaşdyrylan çykyşlaryň barşynda gadymy Marguş ýurduna amala aşyran syýahatymyzy jemlemek bilen, biz ägirt uly monitorda yşyk-lazer enjamy arkaly Kiçi we Uly Gyzgala, Soltan Sanjaryň kümmeti ýaly ýadygärlikleriň döreýşini gördük.


25.09.2017 | Wideoşekilli iş maslahatynda durmuş-ykdysady meselelerine garaldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


25.09.2017 | Türkmen ýygyndy toparynyň ýeňişleri

Şu gün V Aziadanyň çäklerinde sportuň on bir görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi - olardan sambo, kikboksing, erkin göreş, agyr atletika, bilýard, sport tanslary boýunça türgenlerimiz 23 medala, şol sanda 6 altyn medala mynasyp boldular.


25.09.2017 | Türkmenistanyň dopinge garşy agentligi Merkezi Aziýada öňdäki orunlaryň birini eýeleýär

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Türkmenistanda geçirilmeginde sport düzüminiň ösen ulgamy möhüm orun eýeledi. Jemgyýetiň mundan beýläk-de ösüşiniň möhüm şerti bolan sport ulgamynyň ösdürilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow yzygiderli üns berýär. Alnyp barylýan giň möçberli işleriň netijesinde, paýtagtymyzda ösen halkara ölçeglerine laýyk gelýän we ýokary derejeli ýaryşlary guramaga mümkinçilik berýän täsin sport desgalaryny özünde jemleýän toplum guruldy.


25.09.2017 | Hormatly Prezidentimiz wezipä bellemek barada Karara gol çekdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen Babajan Ataýewiç Allanazarow Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi.


25.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy: Goňurdepe

V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda görkezilen giň möçberli mowzuklaýyn makalalaryň dowamynda beýik türkmen döwletleriniň we dünýä belli şäherleriň taryhyndan parçalar janlandyryldy.


24.09.2017 | Dünýäniň habarlar giňişliginde - “Aşgabat 2017” oýunlary

Şu günler Türkmenistanyň paýtagtynda daşary ýurt žurnalistleriniň 500-den gowragy işläp, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň barşyny dessin beýan edýärler. Halkara metbugatynyň sahypalarynda Aşgabat sport döwletiniň paýtagty — giň gerimli sport baýramçylygyny bellemek üçin dünýäniň ähli künjeklerinden gelýän myhmanlaryň müňlerçesini mähirli kabul eden paýtagt hökmünde beýan edilýär.


24.09.2017 | Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 61-si hasaba alyndy

Daşary ýurt walýutasyna Owganystan Yslam Respublikasyndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýe Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler daşary ýurt walýutasyna arassalanan pagta ýagyny, jinsi matasyny we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 37 million 111 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Hindistandan Respublikasyndan gelen täjirler jemi bahasy 8 million 71 müň manatlykdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny we saryja goýunlaryň ýüňüni satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 308 müň manatlykdan gowrak azyklyk bugdaý satyn aldylar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter