Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

02.03.2018 | Paýtagtymyzyň Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda döwrebap binalar gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda döwrebap binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak, şeýle hem awtomobil ýollaryny gurmak we dörebaplaşldyrmak babatda ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.


02.03.2018 | Energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça türkmen-fransuz iş toparynyň düzümi tassyklanyldy

Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça türkmen-fransuz iş toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.


02.03.2018 | Ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň Maksatnamaasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň 2018-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny, şeýle hem şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady.


02.03.2018 | 21-nji martda bag ekmek boýunça ählihalk ýowary geçiriler

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2018-nji ýylyň 21-nji martynda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek bellenildi. Resminama bilen ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine bag ekmen boýunça ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.


02.03.2018 | Işanguly Amanlyýew Türkmenistanyň Marokko Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Hojamuhammedowiç Amanlyýew şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Marokko Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.


02.03.2018 | Türkmen bilýardçysy Annamämmet Annamämmedow bilýard boýunça dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşlarda üstünlikli çykyş etdi

Dün­ýä Ku­bo­gy ug­run­da­ky Mosk­wa­da (Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy) ge­çi­ri­len ýa­ry­şyň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da «Er­kin pi­ra­mi­da» gör­nü­şi bo­ýun­ça il­de­şi­miz An­na­mäm­met An­na­mäm­me­dow bü­rünç me­da­la eýe bol­dy.


02.03.2018 | Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depginleri ýanwar-fewral aýlarynda 6,2 göterime deň boldy

Türkmenistanyň hökümetiniň mejlisinde habar berlişi ýaly, 2018-nji ýylyň iki aýynda JIÖ-niň ösüş depgini 6,2 göterime, şol sanda senagat pudagynda 4,8 göterim, ulag we aragatnaşyk toplumynda 10,4 göterim, söwdada - 8,4 göterim, oba hojalygynda - 3,4 göterim we hyzmatlar ulgamynda - 10,1 göterim ýokarlandy.


02.03.2018 | Döwlet Baştutanymyz guşçulyk pudagynyň ösdürilmegine gönükdirilen resminama gol çekdi

Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen önümleri öndürijileri döwlet tarapyndan goldamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek, ýurdumyzyň guşçulyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäklerine getirilende harytlaryň käbir görnüşleri gümrük paçlaryndan boşadyldy.


02.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2-nji martda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça işleriň netijeliliginiň ýokarlandyrylmalydygyna ünsi çekdi.


01.03.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy hok­keý bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň üçün­ji di­wi­zio­nyn­da üs­tün­lik ga­zan­dy

Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy hok­keý bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň üçün­ji di­wi­zio­ny­nyň des­lap­ky tap­gy­ryn­da ynam­ly ýe­ňiş ga­zan­dy. Çem­pio­na­tyň äh­li oýun­la­ry Sa­ra­ýe­wo­nyň (Bos­ni­ýa we Ger­so­go­wi­na) “Dzet­ra” buz­ly meý­dan­ça­syn­da ge­çi­ril­di.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter