Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

24.05.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

Siziň Alyhezretiňizi Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!


24.05.2020 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Sizi ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini, raýdaşlygy we hoşniýetliligi rowaçlandyrýan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Milli däplerimize laýyklykda giňden bellenýän Oraza baýramynyň dabaralarynyň kalbymyza egsilmez şatlyk, ylham-joşgun paýlap, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde täze, belent sepgitleri gazanmaga ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.


23.05.2020 | Ýurdumyzyň mekdebe çenli edaralarynyň işi kämilleşdirilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasyny» durmuşa geçirmek baradaky meselelere bagyşlanan maslahat geçirildi.


23.05.2020 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.


22.05.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


22.05.2020 | Türkmenistanyň Hökümetiniň ilatyň saglygyny goramak boýunça görýän çäreleri baradaky maglumat BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde ýaýradyldy

Türkmenistanyň Hökümetiniň ilatyň saglygyny goramak hem-de COVID-19 koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy göreş boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreýesusyň adyna iberen hatynda beýan edilen çäreler barada maglumat


22.05.2020 | Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen brifing

Şu gün Daşary işler ministrliginde «Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilişi» boýunça brifing boldy. Oňa daşary syýasat edarasynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Türkmenistanyň beýleki edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalaryň hem-de halkara guramalarynyň baştutanlary, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýurdumyzda işleýän daşary ýurt habarlar serişdeleriniň habarçylary gatnaşdylar.


22.05.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

Şu gün «Türkmenhimiýa» we «Türkmengaz» döwlet konsernlerinde wideoaragatnaşyk arkaly Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation» kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meseleleri hem-de himiýa we nebitgaz senagatynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.


22.05.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Oraza baýramyny bellemek hakynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, türkmen halkynyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna aýawly çemeleşmek, gymmatly ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:


22.05.2020 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, körpelere bilim we terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak, olaryň irki ýaşdan başlap, beden, akyl we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter