Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

26.10.2017 | Ykdysadyýetiň, medeniýet we durmuş ulgamynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi

Paýtagtymyzda özygtyýarly Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine, halkara abraýynyň artmagyna uly goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we edaralaryň, olaryň düzümine girýän guramalaryň işgärlerine, döredijilik işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny hem-de hormat nyşanlaryny gowşurmak dabarasy boldy.


26.10.2017 | «Aşgabat” sport toplumynda Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan köpöwüşginli baýramçylyk dabarasy boldy

«Aşgabat” köpugurly sport toplumynda ýurdumyzyň baş baýramyna -- Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan uly baýramçylyk dabarasy boldy. Türkmen halky bu baýramçylyga aýratyn hormat bilen garaýar.


26.10.2017 | Russiýanyň nebitgaz senagatçylar birleşigi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň nebitgaz senagatçylar birleşiginiň geňeşiniň başlygy Ýuriý Şafranigi kabul etdi.


26.10.2017 | “Çalyk Holdingiň” başlygy hormatly Prezidentimize bilelikdäki taslamalaryň öňe ilerledilişi barada habar berdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.


26.10.2017 | Fransiýanyň işewür toparlary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Cifal” toparynyň prezidenti we baş direktory Žil Remini kabul etdi.


26.10.2017 | “NATA Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “NATA Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Namyk Tanygy kabul etdi.


26.10.2017 | “Interbudmontaž” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Interbudmontaž” ukrain gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petrugy kabul etdi.


26.10.2017 | Aleksandr Tislenko “Altkomyň” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygyny tassyklady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenkony kabul etdi.


26.10.2017 | Paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde ýurdumyzyň baş baýramynyň hormatyna konsert boldy

Paýtagtymyzda, Watanymyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda döwlet özbaşdaklygynyň 26 ýyllygynyň hormatyna uly dabaralar geçirilýär. Iň gowy döredijilik işgärleri Maslahat köşgünde çykyş etdiler.


26.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti “Samsung C&T” korporasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Koreýanyň belli “Samsung C&T” korporasiýasynyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Şin Kim kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi umumymilli baýramçylyk—ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter