Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

13.10.2017 | Türkmenistanda Özbegistanyň Medeniýet günleri gepçiriler

2017-nji ýylyň 13-15-nji noýabrynda Türkmenistanda Özbegistanyň Medeniýet günleri geçiriler.


13.10.2017 | “Ak öý” binalary welaýat merkezlerinde gurlar

Türkmenlerde däp bolan ak öýleri özboluşly gaýtalaýan “Ak öý” binalary Türkmenistanyň ähli welaýat merkezlerinde gurlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlaryna jogakär bellenilen wise-premýerlere, welaýat häkimlerine bu barada görkezme berdi.


13.10.2017 | Er-Riýatda türkmen-saud hökümetara toparynyň mejlisi bolar

2017-nji ýylyň 8-9-njy noýabrynda Er-Riýatda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-saud toparynyň bäşinji mejlisi geçiriler. Bu barada hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebit-gaz toplumy boýunça orunbasary M.Babaýew habar berdi.


12.10.2017 | Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Awaza” serhet galasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.


12.10.2017 | Halk hojalyk toplumynyň üstünlikleriniň sergisi işläp başlady

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan sergisi açyldy. Däp boýunça Watanymyzyň naýbaşy baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän ykdysady gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň ajaýyp üstünliklerini aýdyň görkezýän ýylyň özboluşly hasabatyna öwrüldi.


12.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara gutlag iberdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň 26 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisine gatnaşyjylara gutlag iberdi.


11.10.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi (Russiýa Federasiýasy) şäherine ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.


11.10.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.


11.10.2017 | I türkmen-hytaý ylmy-innowasiýa forumy öz işine başlady

Paýtagtymyzda “Innowasiýalar, täze tehnologiýalary we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly I Türkmen-hytaý ylmy—innowasiýa forumy açyldy. Ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehniki ministrligi tarapyndan guraldy.


11.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Soçide RF-niň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi (Russiýa Federasiýasy) şäherine geldi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter