Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

28.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Jemagat hojalygy ministrine duýduryş yglan etdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, jemagat hojalygy kärhanalarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministri Abilow Myratniýaz Ýazmuhammedowiçe duýduryş yglan edildi.


27.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti rus kärdeşinpe Kubanda awtobus heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Krasnodar ülkesinde awtobusyň ýol-ulag heläkçiligine uçramagy netijesinde köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmeleri zerarly, gynanç hatyny iberdi.


26.08.2017 | Daşoguz welaýatynda birbada iki desganyň açylyş dabarasy boldy

Demirgazyk welaýatyň merkezinde kafel plitalarynyň önümçiligi boýunça kiçi kärhananyň, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Hasylçy geňeşliginiň “Döwletli” daýhan birleşiginde döwrebap ýyladyşhananyň açylyş dabarasy boldy.


26.08.2017 | Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Şu gün Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň ýigrimi ikinji maslahaty boldy. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň möhüm ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamasyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlar we kadalaşdyryş-hukuk namalary kabul edildi.


26.08.2017 | Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryş kerosini, awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar.


25.08.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onuň gün tertibine laýyklykda, döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.


25.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Orman Nurbaýewi kabul etdi.


25.08.2017 | Türkmenistanda täze gazhimiýa toplumynyň taslamasynyň üstünde işlenilýär

Türkmenistanda täze gazhimiýa toplumynyň taslamasynyň üstünde işlenilýär. Ony Balkan welaýatynda Gyýanly şäherçesiniň golaýynda gurmak meýilleşdirilýär


25.08.2017 | V Aziýa oýunlarynyň ody 7-nji sentýabrda «Galkynyş» gaz käninde ýakylar

Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 10 gün galmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçiriler. Bu baradaky meselä hökümetiň mejlisinde garaldy.


25.08.2017 | Türkmenistanyň Serbiýadaky ilçisi bellendi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Serbiýadaky ilçisini bellemek hakynda Permana gol çekdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter