Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

23.09.2017 | Türkmen topary V Aziýa oýunlarynda umumy sanawda öňdeligi eýeläp gelýärler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda sportuň 12 görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi, Türkmen türgenleri jemi – 18 medala, şol sanda 8– altyn medala mynasyp boldular. Türkmenistanyň ýygyndy topary ýaryşlaryň ähli günleriniň netijesi boýunça jemi – 193 medal, şol sanda – 77 altyn, 54- kümüş we 62- bürünç medal gazanyp, umumy hasapda birinji orunda barýar.


23.09.2017 | Rustam Minnihanow: Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabaralary mende uly täsir galdyrdy

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidendi Ruslan Minnihanow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hat ugratdy, ol ýerde Türkmenistanda mähirli kabul edilendikleri we Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär.


22.09.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda halkymyzyň we ýurdumyzyň abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly içeri we daşary syýasatyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


22.09.2017 | Türkmenistan BMG-niň adam hukuklary baradaky Geňeşiniň Jarnamasyny durmuşa geçirmekde ilkinji ädimini ätdi

Şu gün Hökümetiň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Olimpiýa Komitetiniň adyndan Bosgunlar toparynyň agzalaryny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna işjeň gatnaşandyklary üçin hormatly sylaglary hem-de sowgatlary gowşurmak barada tabşyryk berip, bu çäräniň BMG-niň Adam hukuklary baradaky 36-njy maslahatynda biziň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen “Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň parahatçylygy we adam hukuklarynyň pugtalandyrylmagyna uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky” Jarnamany durmuşa geçirmekde ilkinji ädim bolup durýandygyny belledi.


22.09.2017 | Biziň ýygyndy toparymyzyň altyn medallarynyň sany ýene-de 10 medal bilen artdy

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýapylmagyna çenli galan günlerini hasaplap, ýeňişleriň şatlygy ýaly duýgulara beslenmegini dowam edýär.


22.09.2017 | Halkara tejribesi sport lukmançylygynyň iş tejribesinde

Ýokary hilli lukmançylyk hyzmaty islendik uly sport çäresi ýaly, “Aşgabat 2017” oýunlaryny hem üstünlikli geçirmegiň möhüm we aýrylmaz bölegidir. Ministrler Kabinetiniň 22-nji sentýabrda bolan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oýunlary guramagyň hili babatda bu meselä aýratyn üns berip, Olimpiýa şäherçesiniň Dikeldiş merkezinde lukmanlaryň gije-gündiziň dowamynda nobatçylygyny ýola goýmagy tabşyrdy.


22.09.2017 | Türkmen futzalçylary çärýek finala taýýarlanýarlar

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda futzal boýunça ýaryşyň toparlaýyn tapgyrynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary çärýek finala geçmegi başardy. 23-nji sentýabrda geçiriljek duşuşygyň netijesi biziň toparymyzyň ýaryşyň medallaryna dalaş edip biljekdigini görkezer. Munuň üçin bolsa ähli mümkinçilikler bar, çünki türkmen futzalçylarynyň “A” toparda geçiren üç duşuşygyndaky oýunlary örän çalasyn we şowly boldy.


21.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda türkmenleriň janlandyrylan taryhy: Dehistan we Köneürgenç

V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň barşynda sungatyň dili arkaly türkmen halkynyň şöhratly taryhyndan sahypalar görkezildi. Olaryň biri – beýik Parfiýa imperiýasy barada biz geçen sanymyzda gürrüň berdik. Şu gün biz Olimpiýa stadionynda görkezilen ägirt uly dabaranyň taryhy ugruny dowam etdirýäris.


21.09.2017 | Ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň umumy medal sany 148-e ýetdi

Şu gün Aşgabatda geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda sportuň 13 görnüşi boýunça ýaryşlar dowam etdi. Şu gün ýurdumyzyň topary guşakly göreş, kuraş, konkur, taý boksy, agyr atletika boýunça 21 medal, şol sanda 6 altyn medal gazandy.


21.09.2017 | Günorta Koreýa Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi ugur edinýär

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Aşgabat şäherinde geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Onda şeýle diýilýär: “Koreýa Respublikasyndan Aziada sportuň 7 görnüşinden 100 adamdan ybarat wekiliýet gatnaşýar. Türgenleriň on günüň dowamynda halal we adalatly ýaryşjakdygyna hem-de Oýunlaryň uly üstünlik bilen tamamlanjakdygyna ynanýaryn.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter