Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

18.05.2020 | Bitarap Watanymyz Türkmenistanyň şanyna baýramçylyk konserti

Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Onda belli ýerine ýetirijileriň, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Sungat ussatlary öz çykyşlaryny türkmen halkynyň bagtyýar eýýamyna, gazanýan ägirt uly üstünliklerine we mähriban Watanymyzyň eýelän sepgitlerine bagyşladylar.


18.05.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy

Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ählihalk baýramy bolan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi giňden dabaralandyrdy. Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda guralan dabara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.


18.05.2020 | Gruziýanyň paýtagtynyň telewizion diňine çyralar arkaly Türkmenistanyň baýdagynyň reňki çaýyldy

18-nji maýa geçilýän gije ýurdumyzda bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Tbilisiniň telewizion diňine çyralar arkaly Türkmenistanyň baýdagynyň reňki çaýyldy.


18.05.2020 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Sizi milli senenamamyzda möhüm sene — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


17.05.2020 | Sagdyn durmuş ýörelgesi — nesilleri terbiýelemek we dowamatlylyk däpleriniň ösdürilmegi

Sagdyn durmuş ýörelgelerini we halkymyzyň saglygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde yglan eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işiniň juda köpdügine garamazdan, boş wagtlarynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda welosiped sporty bilen meşgullanmak bilen watandaşlarymyza şahsy görelde görkezýär.


17.05.2020 | Ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli maslahat

Şu gün, ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öň ýanynda, ýurdumyzyň Mejlisi Daşary işler ministrligi bilen bilelikde ylmy-amaly maslahat geçirdi.


17.05.2020 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.


15.05.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


15.05.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahat

Şu gün BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda onlaýn görnüşde BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň hemişelik komitetiniň 4-nji mejlisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça wideoforuma ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.


15.05.2020 | Resmi habarlar

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter