Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

17.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.


17.09.2017 | Türkmen parlamentinde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Mejlisde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topary bilen duşuşyk geçirildi.


17.09.2017 | Gruziýanyň parlament wekiliýeti Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi

Mejlisde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Irakli Kobahidzeniň ýolbaşçylygyndaky dostlukly ýurduň wekilçilikli topary bilen duşuşyk geçirildi.


17.09.2017 | Türkmenistanyň we Gazagystanyň Liderleri söwda-ykdysady gatnaşyklary artdyrmak ugrunda pikirlerini aýtdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli uly dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşdy.


17.09.2017 | Türkmenistanyň we Täjigistanyň Liderleriniiň duşuşygynyň barşynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşyk geçirdi.


17.09.2017 | Türkmenistanyň we Owganystanyň Liderleri özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen duşuşdy.


17.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň «Duslyk» ordeni bilen sylaglandy

Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýokary sylagyny – “Duslyk” ordenini gowşurmak dabarasy boldy. Sylagy türkmen Liderine Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow gowşurdy.


17.09.2017 | TDHÇB-yň söwdalarynda eksport geleşikleriniň bahasy ABŞ-nyň 14 million dollaryndan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy.


17.09.2017 | Oýunlaryň ikinji gününde futzal, tennis we taýboks boýunça ýaryşlar geçirildi

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ikinji gününde futzal boýunça oýunlar dowam etdi, uly tennis hem-de taýboksy boýunça ýaryşlar başlandy.


17.09.2017 | Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleri hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter