Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

16.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 26 ýyllygyna ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


15.10.2017 | “Türkmentelekom” hem-de Aşgabat şäher telefon ulgamy limitsiz Internet üçin bahalary azaltmak boýunça çäre geçirýär

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygynyň hormatyna “Türkmentelekom” döwlet Internet-prowaýderi hem-de Aşgabat şäher telefon ulgamy baýramçylyk çäresini geçirýärler: 2017-nji ýylyň 5—31-nji oktýabry aralygynda müşderilere limitsiz Internete amatly bahalar boýunça birikmek mümkinçiligi dörediler.


15.10.2017 | Walentina Matwiýenko: V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň anyk guramaçylygyny we ägirtligini Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bilen deňeşdirip bolar

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


14.10.2017 | Birža söwdalarynda eksport geleşikleriniň bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryna barabar boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.


13.10.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


13.10.2017 | Türkmenistanda gämi gatnawy boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar

Şu gün bu ýerde Hazarýaka döwletleriniň deňiz portlarynyň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň 8-nji mejlisi öz işine başlady. Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekilleri iki günüň dowamynda gämi gatnawy, deňiz ýük gatnawlary, howpsuzlygy üpjün etmek, port düzümlerini ösdürmek, logistik maglumatlary alyşmak, Hazaryň deňiz gurşawyny goramak bilen baglanşykly hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýarlar.


13.10.2017 | Parlamentara gatnaşyklar pugtalanýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti parlamentiň Başlygy A.Nurberdiýewanyň baştutanlygynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek Parlamentara Bileleşiginiň 137-nji Assambleýasyna gatnaşar. Forumda “Dinara we milletara gepleşikler arkaly medeni köppikirlilige hem-de parahatçylyga ýardam bermek” meselesine garalar.


13.10.2017 | Türkmenistanyň inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Oguz han adyndaky Türkmenistanyň inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. Bilim, ylym we tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselesi Türkmenistanyň hökümet mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.


13.10.2017 | Medeniýet meselelerine gözegçilik edýän wise-premýere käýinç berildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde medeniýet meseleleri boýunça wise-premýer A.Garajaýewe käýinç yglan etdi.


13.10.2017 | Türkmenistanda Özbegistanyň Medeniýet günleri gepçiriler

2017-nji ýylyň 13-15-nji noýabrynda Türkmenistanda Özbegistanyň Medeniýet günleri geçiriler.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter