Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

04.07.2017 | Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi: usulyýet we amalyýet

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, welaýat merkezlerini, etraplardaky şäherçeleri we şypahana zolaklaryny gurşap alan binagärlik-şähergurluşyk işi okgunly ösdürilýär. Döwlet Baştutanymyz diňe bir gurluşyk işleriniň hiline däl, eýsem, häzirki zaman binagärliginiň bezegine, bu pudakda daşary ýurtlaryň oňyn tejribesini hem-de ylmy pikiriň we tehniki ösüşiň gazananlaryny özleşdirmäge hem aýratyn üns berýär.


04.07.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Angela Merkele Bawariýada bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren awtobus heläkçiligi zerarly, gynanç hatlaryny iberdi.


04.07.2017 | Türkmenistan — Hytaý: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk

Paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisi açyldy. Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Täjirçilik ministrligi, halkara söwdasyna goldaw bermek baradaky komiteti hem-de Sinszýan – Uýgur awtonom oblastynyň hökümeti bilen bilelikde ilkinji gezek guraldy.


04.07.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisine gatnaşyjylara öz gutlagyny iberdi

Şu gün paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisi öz işine başlaýar. Hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylara öz gutlagyny iberdi.


03.07.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Aşraf Ganiniň arasynda gepleşikler geçirildi

Şu gün Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani resmi sapar bilen Türkmenistana geldi.


03.07.2017 | Owganystan ulag we energetika ulgamynda Türkmenistanyň durmuşa geçirjek başlangyçlaryna uly gyzyklanma bildirýär

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdi. Geçirilen gepleşikleriň netijeleri barada aýdyp, owgan Lideri onuň çuň many-mazmuna we netijeli häsiýete eýe bolandygyny belledi. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk has netijeli we yzygiderli alnyp barylýar hem-de ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýär. Bilelikdäki birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.


03.07.2017 | Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Prezidentimize Oraza baýramy mynasybetli gutlag hatyny ýollady

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Oraza baýramy mynasybetli gutlady.


02.07.2017 | 3-nji iýulda Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-owgan gepleşikleri bolar

Oňa gatnaşmak üçin paýtagtymyza Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli hökümet topary paýtagtymyza geldi.


02.07.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa Zainsk şäheriniň golaýynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýolagçy awtobusynyň heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.


02.07.2017 | Türkmen samboçylary 39 medal gazanmagy başardylar

Türkmen türgenleri şu günler Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän sport we söweşjeň sambo boýunça Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş edýärler. Olar 7 altyn, 13 kümüş, 19 bürünç, jemi 39 medal gazanmagy başardylar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter