Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

06.09.2017 | Sport üstünliklerini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz etmek bäsleşigi jemlendi

Bäsleşige ussat žurnalistler — merkezi we welaýat habar beriş serişdeleriniň işgärleri hem-de ýurdumyzyň ähli künjeklerinden ştatdan daşary awtorlar — nebitçiler, gazçylar, mugallymlar, talyplar we beýlekiler gatnaşdylar. Gazetde çap etmek üçin işleriň 50-si-Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe — sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlaryny beýan edýän makalalar, fotoreportažlar, goşgular seçilip alyndy.


06.09.2017 | Daşoguzly ekerançylar pagta ýygymyna girişdiler

Daşoguz welaýatynyň ekerançylary pagta ýygymyna girişdiler. Bu ýerde hemişe bolşy ýaly, howa şertlerine görä, ýygym möwsümi ýurdumyzyň beýleki sebitlerine garanyňda biraz gijräk badalga alýar.


06.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti we IKAO-nyň geňeşiniň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçilikler babatdan pikir alyşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň geňeşiniň prezidenti jenap Olumuiwa Benard Aliuny kabul etdi.


06.09.2017 | Döwlet Baştutanymyz we russiýaly wise-premýer ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary — Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sergeý Prihodkony kabul etdi.


06.09.2017 | Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti milli Liderimizi V Aziýa oýunlaryna goldaw berýändigi üçin hoşallyk bildirdi

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.


05.09.2017 | Türkmenistan — BMGÖM: işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikdäki taslamanyň çäklerinde BMG-niň Hemişelik wekili hanym Ýelena Panowanyň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda döwlet dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, döwlet işgärlerini taýýarlamak we okuw maksatnamalaryna maglumat usullaryny ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.


05.09.2017 | Türkmenistanyň kuraş boýunça ýygyndy topary “Aşgabat 2017” oýunlarynda altyn medaly almagy maksat edinýär

Türkmenistanyň iň gözel künjekleriniň biri – Gökdere şypahana zolagynda kuraş boýunça ýurdumyzyň ýygyndy topary “Aşgabat 2017” oýunlarynyň öň ýanyndaky iň soňky türgenleşiklerini geçirýär.


05.09.2017 | “Hoş zaman” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýän türkmen kompaniýalaryň sany barha artýar. Häzirki wagtda olaryň üsti “Hoş zaman” guşçulyk hojalygy bilen ýetirildi.


04.09.2017 | Gurban baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimizi daşary ýurtly ýolbaşçylar gutlaýarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we türkmen halkyna Alžir Halk-Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelaziz Buteflika, Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah, Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Mohammed bin Raşid Al-Maktum, Abu-Dabiniň Mirasdüşer şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Muhammed Bin Zaýed Al-Nahaýan gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.


03.09.2017 | Türkmenistanyň Döwlet baýdagy üçin döwlet standartyna üýtgetmeler girizildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy üçin döwlet standartyna üýtgetmeler girizildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter