Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

24.04.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.


23.04.2020 | Daşary ýurtly işewür hyzmatdaşlar bilen wideokonferensiýalar

Şu gün Döwlet daşary ykdysady iş bankynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Commerzbank AG» bankynyň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi.


23.04.2020 | Türkmenistan hem-de ÝUNESKO ýokary hilli we elýeter bilim ugrunda

Şeýle hem şol gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş direktorynyň orunbasary hanym Şamila Nair-Beduel bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Daşary işler ministrliginiň howandarlygynda guraldy.


23.04.2020 | Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün Milli bilim institutynda wideokonferensiýa görnüşinde Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanyň bilim ulgamyna goldaw» atly taslamasynyň Ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky duşuşygy boldy.


23.04.2020 | Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna geçirilýän dabaralara badalga berildi

Şu gün Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýetip gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi, olara Hökümetiň agzalary, Mejlisiň Başlygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.


23.04.2020 | Halypa çapyksuwarlaryň arasynda bäsleşigiň ýeňijisine döwlet Baştutanynyň adyndan gymmatly sowgat gowşuryldy

Lebap atçylyk sport toplumynda ýurdumyzyň halypa çapyksuwarlarynyň arasynda geçirilen ýaryşda Täçmyrat Dowulbaýew Perhat atly bedewde ýeňiş gazandy.


22.04.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda telefon söhbetdeşligi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.


22.04.2020 | Türkmenistan Milletler Bileleşiginiň ýene iki düzüminiň agzalygyna saýlanyldy

BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýene iki düzüminiň — Ykdysady we Durmuş geňeşiniň edaralarynyň düzümine girýän Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin we Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2024-nji ýyllar döwri üçin saýlanandygy baradaky nobatdaky hoş habar gelip gowuşdy.


22.04.2020 | Türkmen-ýapon işewürlik gatnaşyklarynyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIÑ) wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


22.04.2020 | Türkmenistan — BMG: söwda we ösüş ulgamynda bilelikdäki taslama

Şu gün Daşary işler ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň hem-de BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNÑTAD) arasynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter