Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

17.09.2017 | Jelilmuhammet Hojamyradow ýygyndymyz üçin ilkinji altyn medaly iň bagtly diýip hasap etdi

Sportuň Jiu-Jitsu görnuşinin «duo klassik» ugry boýunça Myrat Gimmiýew bilen bilelikde çykyş eden Jelilmuhammet Hojamyradow biziň toparymyz uçin getiren ilkinji altyn medalyny durmuşyndaky in bagtly we tolgundyryjy pursat diyip hasap etdi.


16.09.2017 | Türkmenistanyň we Pakistanyň Prezidentleri özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ulgamynyň anyk ugurlaryny kesgitlediler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn bilen duşuşdy.


16.09.2017 | Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy – Aşgabadyň ilkinji hormatly raýaty

Şu gün “Oguzhan” köşkler toplumynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko “Aşgabat şäheriniň hormatly raýatynyň” şahadatnamasyny gowşuryş dabarasy boldy.


16.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Moldowanyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglandy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Moldowanyň ýokary döwlet sylagy bolan “Respublika Ordeni” bilen sylaglamak dabarasy boldy. Bu sylagy moldowan halkynyň adyndan dostlukly ýurduň Prezidenti Igor Dodon gowşurdy.


16.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy özara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Russiýanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkony kabul etdi.


16.09.2017 | Türkmenistanyň ýygyndy topary umumy hasapda öňde barýar

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň birinji güni tamamlandy. Oýunlaryň resmi açylyşy Aşgabatda 17-nji sentýabrda bolar, emma häzirden jiu-jitsu, türkmen milli göreşi boýunça medallar ugrunda ilkinji bäsleşikler geçirildi, futzal boýunça ýaryşlara badalga berildi.


16.09.2017 | Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Moldowa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy boldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon bilen duşuşdy.


16.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabatda, Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi.


16.09.2017 | Aşgabat 2017 Oýunlarynda ilkinji altyn medalyna sportuň Jiu-Jitsu “duo klassik” görnüşi boýunça Türkmen türgenleriniň eýe boldular

Hemmeler 17-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Şonuň bilen bilelikde, Oýunlar Jiu-Jitsu ýaryşlary bilen başlady.


15.09.2017 | Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy. Mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri hem-de käbir resminamalaryň taslamalary girizildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter