Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

18.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Erkebulan Sapiýewi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


17.09.2019 | BMG-niň Baş Assambleýasynyň möhüm resminamalary kabul etmegi mynasybetli brifing

Şu gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş Assambleýasynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamasynyň kabul edilmegine, şeýle hem Hazar ykdysady forumynyň jemleýji Beýannamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegine bagyşlanan brifing geçirildi.


17.09.2019 | Milli Liderimiziň täze kitaby halkymyzyň ruhubelentliginiň nyşanydyr

Şu gün paýtagtymyzdaky Oba hojalyk toplumynyň maslahatlar zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen alabaýy” atly täze eseriniň neşir edilmegi mynasybetli tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa hökümet agzalary, obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet tebigy goraghanalaryň, ugurdaş ylmy institutlaryň, ýokary okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


17.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Naýthart Hýofer-Wissingi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


16.09.2019 | Türkmenistanyň topary Özbegistanda geçirilen halkara tans festiwalynda birinji orny eýeledi

Daşoguz welaýatyndan «Dessan» tans topary 15-16-njy sentýabrda Hywada geçirilen «Tansyň jadysy» atly halkara festiwalynda birinji orny eýeledi.


16.09.2019 | Türkmen Lideriniň diplomatiýasynyň dünýä derejesinde dabaralanmagy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky bu başlangyjynyň ägirt uly gyzyklanma eýe bolandygynyň subutnamasydyr.


16.09.2019 | Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» diýen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara Mejlisiň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ylym ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


16.09.2019 | Hormatly Prezidentimiziň Hazar strategiýasynyň ähmiýeti BMG-niň resminamalarynda beýanyny tapýar

2019-njy ýylyň 11 — 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça başlyklygyň Beýannamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegi hem-de bu bütindünýä guramasynyň resmi dillerinde neşir edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlarynyň möhümdiginiň ykrar edilýändiginiň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň Milletler Bileleşiginde abraýynyň barha belende göterilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.


16.09.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen BMG «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen Kararnamany kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyz üçin ähmiýetli wakalara bagyşlanylan sanly ulgam arkaly wideokonferensiýa geçirdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan möhüm resminama — 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi.


15.09.2019 | Jiu-jitsu boýunça ýaş ussatlarymyzyň üstünlikleri

Rumyniýanyň Buharest şäherinde 13-15-nji sentýabr aralygynda ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda “Ju Jitsu Balkan Open World Cup-2019” jiu-jitsu boýunça dünýä kubogy ugrunda ýaryşlar geçirildi. Oňa Türkmenistan bilen birlikde 27 ýurtdan türgenleriň 1 müň 288-si gatnaşdy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter