Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

12.09.2017 | Türkmenistan tutuş Ýer ýüzünde abadançylygyň bähbidine möhüm halkara başlangyçlary yzygiderli durmuşa geçirýär

Ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly aragatnaşyklary has-da artdyrmagy we pugtalandyrmagy aýgytly maksat edinýän Türkmenistan milli hem-de umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýän “açyk gapylar” syýasatyny netijeli alyp barýar. Şu ýylyň awgustynda ýurdumyzyň ministrlikleri hem-de pudak edaralary tarapyndan giň halkara hyzmatdaşlyk babatda geçirilen köpsanly işewür duşuşyklar, maslahatlar hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan daşary syýasat strategiýanyň netijelidigine şaýatlyk edýär.


12.09.2017 | Döwlet Baştutanymyz we Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Diwanynyň ministri özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Diwanynyň işleri boýunça ministri jenap şeýh Nasser Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahy kabul etdi.


11.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.


11.09.2017 | Aşgabat Aziadasynyň ýadygärlik poçta markalarynyň toplumy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Aragatnaşyk ministrligi biziň ýurdumyzyň taryhyna uly ähmiýetli waka bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hormatyna poçta markalarynyň iki tapgyryny çykardy.


11.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary – halkara neşir bäsleşiginiň ýeňijileri

Otuzynjy Moskwa halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde GDA döwletleriniň “Kitap sungaty” halkara bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistan tarapyndan bäsleşige hödürlenilen kitaplaryň dördüsi hem ýokary baýraklara mynasyp boldy.


11.09.2017 | Bosgunlaryň ýygyndy toparyna dünýä rekordsmeni ýolbaşçylyk eder

Bosgunlaryň ýygyndy toparynyň “Aşgabat 2017” oýunlaryň ýeňil atletika ýapyk sport meýdançasynda çykyş etjek düzümi kesgitlenildi.


11.09.2017 | Milli puluň we ýadygärlik teňňeleriň täze görnüşleri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň Merkezi banky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagy mynasybetli hümmeti 1, 5, 10, 20, 50 we 100 manada deň bolan banknotlaryň täze 2017-nji ýylyň modifisirlenen nusgalaryny, şeýle hem her haýsynyň hümmeti 100 manada deň bolan “Aşgabat Olimpiýa stadiony” atly altyn we kümüş ýadygärlik şaýy pullaryny dolanyşyga çykardy.


10.09.2017 | Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we az kükürtli ýangyç mazudyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakumly gazoýly satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna nah ýüplük we pagta süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Şweýsariýa, BAE, Singapur. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 13 million 685 müň dollaryndan gowrak boldy.


09.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Meksikaly kärdeşine adam pidalaryna getiren ýer titremesi zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Enrike Penýa Nýeto ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.


09.09.2017 | Zyýaratçylarymyz mukaddes yslamyň haj parzyny berjaý edip, Watanymyza gaýdyp geldiler

Gurban baýramy günlerinde asylly dessury ýerine ýetirmek maksady bilen, Mekgä hem-de Medinä gidip, haj parzyny berjaý eden ildeşlerimiz Watanymyza sag-aman dolanyp geldiler.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter