Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

01.06.2017 | Korrupsiýa garşy göreşi güýçlendirmegiň wezipeleri maslahatlaşyldy

Şu gün harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň we jogapkär işgärleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Onuň esasy meselesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda döredilen Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.


01.06.2017 | Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk tejribeleri özleşdirilýär

Şu gün Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Ýewraziýada energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde tebigy gazyň, nebitiň we elektroenergiýanyň orny” atly her ýylda geçirilýän okuw maslahaty öz işine başlady. Ony Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Halkara Energetika Hartiýasynyň sekretariaty bilelikde gurady.


01.06.2017 | Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Şu gün Mejlisiň nobatdan daşary maslahaty boldy. Onda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmak we wezipä bellemek baradaky meselelere garady.


01.06.2017 | Hazaryň hukuk derejesini kesgitlemek boýunça iş toparynyň mejlisi

Şu gün türkmen paýtagtynda Hazarýaka döwletleriniň – Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça Ýörite iş toparynyň 49-njy mejlisi geçirildi.


01.06.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyza Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli gutlag haty bilen ýüzlendi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna


31.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti çagalary sazlaşykly terbiýelemek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara gününiň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Mejlisiň Başlygynyň we komitetleriniň, şeýle hem birnäçe ministrlikleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.


31.05.2017 | Watanymyzyň geljegine uly üns we alada bilen

Türkmenistan her ýyl 1-nji iýunda tutuş dünýä bileleşigi bilen birlikde Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär, bu gün döwletimiziň BMG-niň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy ýörelgelerine ygrarlydygyny hem-de ýaş nesle sazlaşykly terbiýe bermegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny alamatlandyrýan şanly sene hökmünde, resmi tertipde milli baýramçylyklaryň sanawyna goşuldy.


31.05.2017 | Türkmenistanda Halkara Energetika Hartiýasynyň forumy tamamlandy

Paýtagtymyzda Halkara Energetika Hartiýasynyň “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” atly Aşgabat forumy öz işini tamamlady. Onuň gün tertibine dünýä energetikasynyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi, ählumumy energiýa howpsuzlygynyň täze binýadyny döretmek bilen bagly meseleleriň giň topary girizildi.


31.05.2017 | Aşgabatda dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň media-forumy geçirildi

Paýtagtymyzda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine bagyşlanan halkara media-forum geçirildi.


31.05.2017 | Türkmenistanyň başlyklygynda geçirilen Halkara Energetika Hartiýasynyň atly Aşgabat forumynyň JEMLEÝJI RESMINAMASY

Türkmenistanyň başlyklygynda geçirilen Halkara Energetika Hartiýasynyň “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” atly Aşgabat forumynyň JEMLEÝJI RESMINAMASY



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter