Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

25.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy


25.05.2017 | Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine

Sizi ajaýyp bilim baýramçylygy - «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet derejesinde giňden bellenýän «Soňky jaň» dabarasynyň belent maksatlary kalbynda besleýän uçurymlarymyzyň durmuşynda iň bagtyýar pursatlaryň biri hökmünde ýatda galjakdygyna berk ynanýaryn.


24.05.2017 | Amyderýanyň üstünden gurlan ponton köprüsi Halaç we Hojambaz etraplaryny birleşdirdi

Şu gün Lebap welaýatynda, Jeýhun derýasynyň kenarynda ýerleşen Halaç etrabynyň “Pelwert” daýhan birleşiginde we Hojambaz etrabynyň “Mekan” daýhan birleşiginde baýramçylyga mahsus ýagdaý emele geldi. Bu ýerde täze ulag geçelgesi guruldy.


24.05.2017 | Ulag düzümleri sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm şertidir

Sebitleriň ulag düzümini ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara derejesindäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginden ybarat bolan ulag strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu ýörelge oba ýerleriniň hojalyk, söwda-ykdysady we durmuş-ynsanperwerlik gatnaşyklaryna işjeň goşulmagyna, olaryň maýa goým mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna, oba ýerlerinde telekeçiligiň höweslendirilmegine we senagat ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.


24.05.2017 | Malaýziýanyň Patyşasy Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady

Malaýziýanyň Patyşasy Muhammad V Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow yň adyna iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.


24.05.2017 | Merkezi saýlaw toparyň mejlisinde 21-nji maýda geçirilen deputatlaryň saýlawlarynyň netijeleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň 21-nji maýynda birnäçe saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlygyna, şeýle hem welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşygynyň üýtgemegi bilen halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalygyna geçirilen saýlawlaryň gutarnykly netijeleri jemlendi. Bu gezekki mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, millii synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeeriniň işgärleri gatnaşdylar.


24.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti «Ak şäherim Aşgabat» atly XVI köpugurly halkara sergisine gatnaşyjylary gutlady

Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XVI köpugurly halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


23.05.2017 | Korrupsiýa garşy göreşmek we ösüp gelýän nesli terbiýelemek wezipelerine bagyşlanan maslahat geçirildi

Aşgabatda “Mekan” köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça “Halal zähmet—bagtyýar durmuş” atly maslahat geçirildi. Oňa Mejlisiň Başlygy, hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, , habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň jogapkär işgärleri, ýokary we orta okuw mekdepleriniň mugallymlary , hormatly ýaşulular, medeniýet işgärleri, talyp ýaşlar, ähli welaýatlardan jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.


23.05.2017 | Aşgabatda KHBS-niň hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň meselelerine garaldy

Aşgabatda “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygy kämilleşdirmegiň derwaýys meseleleri” atly iki günlük okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Mejlisiň, Adalat ministrliginiň, ýurdumyzyň bilim edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.


23.05.2017 | Türkmenistanda ählumumy energetika howpsuzlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylýar

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda VIII Halkara gaz kongresi (TGC - 2017) hem-de oňa gabatlanyp guralýan halkara sergisi öz işine başlady. Bu iri ýöriteleşdirilen forumy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni we Söwda-senagat edarasy gurady.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter