Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

03.07.2017 | Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Prezidentimize Oraza baýramy mynasybetli gutlag hatyny ýollady

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Oraza baýramy mynasybetli gutlady.


02.07.2017 | 3-nji iýulda Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-owgan gepleşikleri bolar

Oňa gatnaşmak üçin paýtagtymyza Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli hökümet topary paýtagtymyza geldi.


02.07.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa Zainsk şäheriniň golaýynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýolagçy awtobusynyň heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.


02.07.2017 | Türkmen samboçylary 39 medal gazanmagy başardylar

Türkmen türgenleri şu günler Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän sport we söweşjeň sambo boýunça Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş edýärler. Olar 7 altyn, 13 kümüş, 19 bürünç, jemi 39 medal gazanmagy başardylar.


01.07.2017 | Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 8-si hasaba alyndy

Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, Russiýadan, Beýik Britaniýadan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler bolsa tüýjümek önümleriň dürli görnüşlerini, nah ýüplügi, buýan köküni we pagta çigidiniň çig ýagly kislotasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 500 müň dollaryna golaý boldy.


30.06.2017 | Aşgabatda “Türkmengaz” Döwlet konserniniň okuw merkezi açyldy

“Türkmengaz” Döwlet konserniniň okuw merkezi Aşgabatda, Çoganly ýaşaýyş toplumynda açyldy. Ak mermerli binalar toplumy 3 gektar meýdanda ýerleşdirildi.


30.06.2017 | TDU-da “Arkadagyň ajap eýýamy” atly kitabyň tanyşdyrylyşy boldy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Arkadagyň ajap eýýamy” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Ol türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 60 ýaşyna bagyşlanan neşir ýurdumyzyň durmuşyndaky iň möhüm wakalar hem-de ähmiýetli seneler, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiziň geçen 10 ýyllyk ýoly barada publisistik gürrüňler görnüşindedir.


30.06.2017 | Tokioda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Tokioda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň 12-nji bilelikdäki mejlisi geçirildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy R. Meredow hökümetiň mejlisinde habar berdi.


30.06.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy


30.06.2017 | Türkmen samboçylarynyň nobatdaky üstünligi

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen sport we söweş sambosy boýunça Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri altyn medallaryň ikisine, kümüş medallaryň üçüsine hem-de bürünç medallaryň altysyna mynasyp boldular.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter