Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

14.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti 18-19-njy aprelde Gazagystan Respublikasynda döwlet sapary bilen bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 18-19-njy aprelde Gazagystan Respublikasynda döwlet sapary bilen bolar. Döwlet Baştutanymyzyň Astana boljak saparyna görülýän taýýarlyk barada hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hasabat berdi.


14.04.2017 | BSGG-niň temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny durmuşa geçirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy tassyklanyldy

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny durmuşa geçirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny, şeýle hem bu maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça Çäreleriň meýilnamasyny we Pudagara utgaşdyryjy toparyň düzümini tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi.


14.04.2017 | Wideoşekilli maslahatda welaýatlarda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de Türkmen bedewiniň baýramyna taýýarlyk meselelerine garaldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna, şeýle hem ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.


14.04.2017 | Möhletinden öň çykyp gidenleriň ýerine Mejlisiň deputatlygyna, şeýle hem halk maslahatlaryna we geňeşlere dalaşgärler hödürlenilýär

Türkmenistanda möhletinden öň çykyp gidenleriň saýlaw okruglarynda Mejlisiň deputatlarynyň, şeýle hem welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda halk maslahatlarynyň agzalarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar.


13.04.2017 | Türkmen-owgan gatnaşyklary: hoşniýetli goňşuçylyk we sebitde ýakynlaşmak syýasatynyň mysaly

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 20172023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» sebitiň döwletleri bilen özara düşünişmek we özara ynanyşmak ýörelgeleri esasyndaky hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýada parahatçylygy hem-de howpsuzlygy saklamagyň we pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup durýandygy bellenilýär.


12.04.2017 | Türkmenistanda umumy bahasy ABŞ-nyň 48 milliard dollaryna deň bolan iri desgalaryň 1900-e golaýy gurulýar

Häzirki döwürde ýurdumyzda iri desgalaryň 1900-e golaýynyň gurluşygy alnyp barylýar. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 48 milliard dollaryndan gowrakdyr. Olaryň 1790-ny ýurdumyzyň kärhanalary gurýarlar.


12.04.2017 | “Serdar” kärhanasynda açylan täze bölüm her ýyl işilen nah ýüplügiň 1300 tonnasyny öndürmäge niýetlenendir

Kaka etrabyndaky “Serdar” nah ý1üplük kärhanasynda açylan täze bölümi her ýylda işilen nah ýüplügiň 1300 tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.


12.04.2017 | Türkmenistanyň maýa goýum boýunça özüne çekijiligi: köp milliardlyk bilelikdäki taslamalar

Söwda-ykdysady we maýa goýum ugurlaryndaky özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygynyň ösldürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi Türkmenistanyň köpugurly ykdysady mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyny, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär.


11.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diýego Ungarony kabul etdi, ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.


11.04.2017 | Türkmen küştçileri ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda alty medaly gazandylar

Daşkentde (Özbegistan) 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda 17 ýurtdan—Hytaýdan, Hindistandan, Wýetnamdan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şri-Lankadan we beýlekilerden 400-e golaý türgeniň gatnaşmagynda küşt boýunça Aziýa çempionaty tamamlandy. Ýaryşlaryň barşynda watandaşlarymyz medallaryň altysyny—iki kümüş we dört bürünç medal gazandylar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter