Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

05.05.2017 | Maslahatda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna okgunly ösýän ýurduň hukuk binýady hökmünde garalar

Türkmenistanda 16-njy maýda «Türkmenistanyň Konstitusiýasy – ösüşiň hukuk binýady» atly Halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriler. Türkmenistanyň syýasy we döwlet gurluşynda toplan tejribesi dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar, giňden wagyz edilmegine mynasypdyr.


05.05.2017 | Awazada Ulag we logistika boýunça halkara maslahaty tamamlandy

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we logistika boýunça halkara maslahaty öz işini tamamlady. Maslahatyň gün tertibine sebit we ählumumy möçberde ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň höweslendirilmegine hem-de ösdürilmegine degişli meseleleriň giň toplumy girizildi. Demir ýol ulaglary düzümlerini ösdürmek hem-de bu möhüm ugurda hyzmatdaşlygyň meseleleri “Berkarar” myhmanhanasynda geçirilen bölüm mejlislerinde ara alnyp maslahatlaşyldy.


05.05.2017 | Palestinanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri dostluk konserti bilen tamamlandy

Paýtagtymyzda Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde geçirilen iki ýurduň sungat ussatlarynyň konserti döredijilik çäresiniň jemleýji wakasyna öwrüldi.


05.05.2017 | Mejlisiň deputatlygyna, halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär

Türkmenistanda welaýatlaryň dolandyryş-çäk düzüminiň üýtgemegi mynasybetli halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň 21-nji maýda boljak saýlawlaryna işjeň taýýarlyk görülýär.


05.05.2017 | Türkmenistanda Ýeňiş güni mynasybetli dynç güni başga güne geçirildi

Türkmenistanda Ýeňiş gününiň baýram edilmegi bilen baglylykda dynç güni başga güne geçirildi. Degişli Permana hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi.


04.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi

Onuň barşynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy, şeýle hem bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.


04.05.2017 | Türkmen žurnalistleri “KHBS Belarusda” Halkara sergä gatnaşýarlar

Sergä dürli ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar: bu ýerde guralan “KHBS Belarusda” atly XXI halkara ýöriteleşdirilen sergi diňe bir ýerli metbugat üçin öz mümkinçiliklerini görkezýän meýdança bolmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä maglumatlar giňişliginiň ugurlaryny, žurnalistikanyň okyjylar, teletomaşaçylar we radiodiňleýjiler bilen özara gatnaşyklarynyň täze ýollaryny hem-de usullaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin foruma öwrüldi.


04.05.2017 | Awazada ulag we logistika boýunça Halkara maslahaty öz işine başlady

Maslahatyň işine ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýokary wezipeli işgärleri, Ýewropa, Aziýa we Amerika ýurtlarynyň onlarçasyndan maýadarlar, halkara guramalarynyň, bank düzümleriniň, ulag, logistika we beýleki kompaniýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.


04.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al-Sauda onuň dogany Şazada Mişaal ben Abdelaziz Al-Saudyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.


04.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hassan Ruhana Gülüstan welaýatyndaky “Zemestan-Ýurt” kömür şahtasynda bolup geçen partlama netijesinde adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren heläkçilik zerarly gynanç hatyny iberdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter